Bap 10

Soňra men keruplaryň ýokarsyndaky gümmeziň depesinde ýakut ýaly tagtyň şekilini gördüm.
2 Ol eginbaşy zygyr matadan edilen adama: «Keruplaryň aşagyndaky tigirleriň arasyna gir. Keruplaryň aralarynda ýanyp duran közlerden goşawujyňy doldur-da, şäheriň üstüne seç» diýdi. Ol adam meniň gözümiň alnynda tigirleriň arasyna girdi.
3 Ýaňky adam girende keruplar Hudaýyň öýüniň günorta tarapynda durdular. Bulut içki howlyny doldurdy.
4 Rebbiň şöhraty keruplaryň üstünden aýrylyp, Hudaýyň öýüniň bosagasyna gelip durdy. Hudaýyň öýi bulutdan doldy; howly bolsa Rebbiň şöhratynyň ýalkymyndan doludy.
5 Keruplaryň ganatlarynyň sesi Gudratygüýçli Hudaýyň geplänindäki sesi ýaly daşky howluda-da eşidildi.
6 Ol eginbaşy zygyr matadan edilen adama: «Tigirleriň arasyndan, keruplaryň aralygyndan köz al» diýip tabşyranynda, ýaňky adam girip, tigirleriň ýanynda durdy.
7 Keruplaryň biri özleriniň aralaryndaky köze elini uzadyp, ondan aldy-da, eginbaşy zygyr matadan edilen adamyň elleriniň aýasynda goýdy. Ol-da ony alyp çykdy.
8 Keruplaryň ganatlarynyň aşagyndan adam eliniň şekili göründi.
9 Görsem, keruplaryň gapdalynda dört tigir bar eken. Her bir kerubyň gapdalynda bir tigir bardy, tigirler sary ýakut kimin ýalpyldaýardy.
10 Dördüsiniň-de görnüşi birdi, edil tigir içinde tigir bar ýalydy.
11 Olar ýöränlerinde, dört tarapa hereket edýärdiler; saga-sola öwrülmeýärdiler, bir kelle haýsy tarapa öwrülse, beýlekiler hem hiç ýana gyşarman, şol tarapa ýöreýärdiler.
12 Bütin göwreleri, arkalary, elleri, ganatlary we tigirleri dördüsiniň-de tigirleri tutuşlygyna gözlerden doludy.
13 Tigirler bolsa, meniň eşidişim ýaly, «Aýlanýan tigirler» diýlip atlandyryldy.
14 Olaryň her haýsynyň dört ýüzi bardy. Birinji ýüz kerup ýüzüne, ikinji ýüz ynsan, üçünji ýüz arslan, dördünji ýüz bolsa bürgüt ýüzüne meňzeýärdi.
15 Keruplar ýerinden galdylar. Bular meniň Kebar kanalynyň ýakasynda gören jandarlarymdy.
16 Keruplar ýöränlerinde, tigirler-de olaryň gapdalyndan ýöreýärdiler. Ýerden galmak üçin keruplar ganatlaryny galdyranlarynda, tigirler-de olaryň gapdalyndan aýrylmaýardylar.
17 Jandarlar duranlarynda, tigirler-de durýardylar. Jandarlaryň ruhy tigirlerdedigi üçin, jandarlar ýokary galanlarynda, bular-da galýardylar.
18 Rebbiň şöhraty Hudaýyň öýüniň bosagasyndan aýrylyp, keruplaryň üstünde durdy.
19 Keruplar ganatlaryny galdyryp, meniň gözümiň alnynda ýokary galdylar. Olar çykanlarynda, tigirler-de olar bilen bile çykyp, Rebbiň öýüniň gündogar derwezesiniň girelgesinde durdular. Ysraýyl Hudaýynyň şöhraty bolsa olaryň depesindedi.
20 Bular meniň Kebar kanalynyň ýakasynda, Ysraýyl Hudaýynyň aýagynyň astynda gören jandarlarymdy. Men olaryň keruplardygyna göz ýetirdim.
21 Her haýsynyň dört ýüzi, dört ganaty bolup, ganatlarynyň aşagynda ynsan eline meňzeş bir zat bardy.
22 Olaryň ýüz keşpleri edil meniň Kebar kanalynyň ýakasynda gören ýüzlerim ýalydy, her biri gös-göni öňe ýöreýärdi.