Bap 6

Maňa Rebbiň sözi geldi:
2 «Eý, ynsan ogly! Ýüzüňi Ysraýyl daglaryna tarap öwür-de, olara pygamberlik et.
3 Eý, Ysraýyl daglary, Hökmürowan Rebbiň sözüni diňläň! Hökmürowan Reb daglara we depelere, jülgelere we derelere şeýle diýýändir diý: „Ine, hut Men, Meniň Özüm üstüňize gylyç getirerin, sežde edilýän ýerleriňizi ýok ederin.
4 Gurbanlyk sypalaryňyz weýran bolar, ýakymly ysly tütetgi ýakýan sypalaryňyz kül-peýekun ediler; gylyçdan geçirilenleriňizi butlaryňyzyň öňüne taşlaryn.
5 Men ysraýyl halkynyň jesetlerini öz butlarynyň öňünde goýaryn, süňkleriňizi bolsa gurbanlyk sypalaryňyzyň töweregine pytradaryn.
6 Nirede ýaşasaňyz hem galalaryňyz weýran bolar, sežde edilýän ýerleriňiz haraba döner. Şonuň üçin gurbanlyk sypalaryňyz döwlüp ýykylsyn, butlaryňyz parçalanyp, ýer bilen ýegsan bolsun, ýakymly ysly tütetgi ýakýan sypalaryňyz ýok edilsin we el işleriňizden hiç zat galmasyn.
7 Adamlaryňyz ähli ýerde öldüriler, şonda siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.
8 Emma Men birnäçäňizi aman galdyraryn. Käbiriňiz milletleriň arasynda gylyçdan gaçyp gutularsyňyz we başga ýurtlara dargadylarsyňyz.
9 Gaçyp gutulanlaryňyz ýesirlige äkidilen ýerlerindäki milletleriň arasynda Meni ýatlarlar. Men olaryň Özümden ýüz öwren zynahor ýüreklerinden, butlarynyň yzyna eýeren zynahor gözlerinden ýaňa ajy hasrat çekdim. Olar ähli nejis işlerinde eden pisliklerinden ýaňa öz-özlerini ýigrenerler.
10 Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler, Men olara bu ýamanlygy etjekdigimi ýöne ýere aýtmadym“».
11 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Eliňizi maňlaýyňyza, aýaklaryňyzy ýere uruň we şeýle diýiň: „Ysraýyl halkynyň eden ähli pis nejis işleri üçin waý-u-dat! Olar gylyçdan, açlykdan we mergiden heläk bolarlar.
12 Uzakdakylar mergiden ölerler; ýakyndakylar gylyçdan heläk bolarlar we galyp-gaçyp aman galanlar bolsa açlykdan ölerler. Men olara bolan gazabymy şeýle tamamlaryn.
13 Gurbanlyk sypalarynyň töweregindäki butlarynyň arasynda, her bir belent depede, ähli daglaryň başynda, her bir kölegeli agajyň we gür ýaprakly dub agajynyň astynda, butlaryna ýakymly ysly tütetgi hödür edilýän ähli ýerlerinde olaryň gylyçdan geçirilenleri serlip ýatanda, siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.
14 Men olara garşy elimi uzadyp, olaryň çöllükden tä Dibla çenli bolan ilatly ýerlerini harabaçylyga we weýrançylyga öwrerin. Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler“».