Bap 29

Sürgünde bolýan wagtymyzyň onunjy ýylynyň onunjy aýynyň on ikisine maňa Rebbiň sözi geldi:
2 «Eý, ynsan ogly! Ýüzüňi Müsür patyşasy fyrowna tarap öwür-de, oňa we bütin Müsüre garşy pygamberlik et.
3 Oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Eý, Müsür patyşasy fyrown! Özüň derýalar goýnunda ýatan äpet aždarha bolsaň-da, ‘Nil meniňkidir, ony özüm üçin ýaratdym’ diýýäň! Men saňa garşydyryn.
4 Seniň äňleriňe çeňňekler sokaryn we derýalaryňyň balyklaryny teňňeleriňe ýapyşdyraryn. Teňňeleriňe ýapyşan balyklar bilen birlikde seni derýalaryňdan kowup çykararyn.
5 Seniň özüňi we derýalaryňdaky ähli balyklary çöle taşlaryn. Sen açyk meýdanda heläk bolarsyň, ol ýerden ýygnalmarsyň we hiç kim saňa eýe çykmaz. Men seni ýabany haýwanlara we ýyrtyjy guşlara şam ederin.
6 Onsoň ähli Müsür ilaty Meniň Rebdigimi biler. Müsür halky ysraýyl halky üçin gamyşdan hasa boldy.
7 Ysraýyl halky senden ýapyşanda, sen döwlüp, ysraýyllaryň eginlerini ýaraladyň; saňa ýaplananlarynda, sen owranyp, billerini döwdüň“».
8 Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, Men seniň üstüňden gylyç inderip, ynsany-da, haýwany-da senden sogrup taşlaryn.
9 Müsür ýurdy harabaçylyga we çöllüge öwrüler; onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler. Fyrown: „Nil derýasy meniňki, ony men ýaratdym“ diýdi.
10 Şonuň üçin hem Men saňa we seniň derýalaryňa garşydyryn; Men Migdoldan Sewene çenli, Efiopiýanyň serhedine çenli Müsür ýurduny bütinleý çöllüge we harabaçylyga öwrerin.
11 Oňa adam aýagy basmaz, haýwan toýnagy sekmez; ol ýerde kyrk ýyllap hiç kim ýaşamaz.
12 Men Müsüri haraba öwrülen ýurtlaryň hem iň harabasyna öwrerin, onuň şäherleri weýran edilen şäherleriň hem iň weýrany bolup, kyrk ýyllap haraba bolup ýatar. Men müsürlileri milletleriň arasyna pytradaryn, ýurtlaryň arasyna dargadaryn».
13 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Kyrk ýyldan soň müsürlileri pytradylan halklarynyň arasyndan ýygnaryn.
14 Men müsürlileriň öňki abadançylygyny dikeldip, Patros ýurduna öz dogduk mekanlaryna getirerin. Ol ýerde olaryň patyşalygy ejiz patyşalyk bolar.
15 Patyşalyklaryň iň ejizi bolar, gaýdyp milletlerden özüni ýokary tutmaz. Milletleriň üstünden höküm sürmesinler diýip, Men olary azaldaryn.
16 Müsürliler indi hiç haçan ysraýyl halky üçin arkadaýanç bolmazlar. Gaýtam, Müsüriň betbagtlygy olara Müsüre dolanmak bilen eden günälerini ýatladar. Onsoň ysraýyllar Meniň Hökmürowan Rebdigimi bilerler».
17 Sürgünde bolýan wagtymyzyň ýigrimi ýedinji ýylynyň birinji aýynyň birine maňa Rebbiň sözi geldi:
18 Eý, ynsan ogly! Babyl patyşasy Nebukadnesar öz goşunyna Sora garşy agyr zähmet çekdirdi: her bir esgeriň saçy döküldi, her bir egniň hamy soýuldy; emma çeken zähmetine görä, ne onuň özüne, ne-de goşunyna Sordan muzd tölendi.
19 Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men Müsür ýurduny Babyl patyşasy Nebukadnesara bererin; ol onuň baýlygyny äkider, oljasyny alar we ony talar; bu onuň goşuny üçin muzd bolar.
20 Men onuň garşysyna çeken zähmeti üçin Müsür ýurduny oňa berdim, sebäbi olar Meniň üçin işlediler. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
21 Men ol gün ysraýyl halkyna güýç bererin, olaryň arasynda saňa saýrap duran dil bererin. Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler».