Bap 44

Onsoň ol adam meni mukaddes öýüň gündogara tarap bakýan derwezesinden yzyma getirdi; derweze ýapykdy.
2 Reb maňa şeýle diýdi: «Bu derweze ýapyk bolar, ol açylmaz, ondan hiç kim girmez, çünki ondan Ysraýyl Hudaýy Reb girdi; şonuň üçin ol ýapyk bolar.
3 Hökümdar bolsa hökümdardygy üçin, Rebbiň huzurynda nahar iýmek üçin ol ýerde oturar. Ol muňa derwezäniň eýwanynyň ýolundan girer we şol ýoldan-da yzyna çykar».
4 Ol meni demirgazyk derwezäniň ýolundan öýüň öňüne getirdi. Görsem, Rebbiň şöhraty Öz öýüni dolduryp durandygyny gördüm. Men ýere ýüzin ýykyldym.
5 Reb maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Ýagşy üns ber, öz gözleriň bilen gör, Rebbiň öýüniň ähli düzgünleri we kanunlary hakda saňa aýdýan zatlarymy öz gulagyň bilen eşit, mukaddes öýe kimiň girip-çykýandygyna ýagşy üns ber. 6–7 Pitneçi ysraýyl halkyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Eý, ysraýyl halky! Meniň öýümi harlamak üçin sünnetsiz we boýnuýogyn gelmişekleri içerik salmak bilen eden ähli nejis işleriňizi bes ediň! Siz Maňa iýmit, ýag we gan hödür edeniňizde, olar mukaddes öýümde boldular. Siz ähli nejis işleriňiziň üstesine Meniň ähtimi hem bozduňyz.
8 Siz Meniň mukaddes zatlarymy goraman, gaýtam mukaddes öýümi goraýanlar hökmünde gelmişekleri öz başlaryna goýberdiňiz“».
9 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ysraýyl halkynyň arasynda ýaşaýan gelmişeklerden hiç bir sünnetsiz we boýnuýogyn gelmişek Meniň mukaddes öýüme girmeli däldir.
10 Ýöne Ysraýylyň ýoldan çykan döwri Menden aýrylyp, erbet ýola düşen, öz butlarynyň yzyna eýeren lewiler etmişleriniň jezasyny çekerler.
11 Bu lewiler öýümiň derwezelerinde gözegçilik edip, onda hyzmatkär bolarlar, Meniň mukaddes öýümde hyzmat ederler; ýakma gurbanlygynyň we halkyň beýleki gurbanlyklarynyň malyny soýarlar, halkyň hyzmatyny ýerine ýetirmek üçin olaryň öňünde durarlar.
12 Olar ýasan butlarynyň öňünde ysraýyl halkyna hyzmat etdiler, ysraýyl halkynyň ýazykly bolmagyna sebäpkär boldular. Şonuň üçin hem Men-Reb olaryň öz etmişleriniň jezasyny çekjekdigine ant içdim, muny Hökmürowan Reb diýýär.
13 Olar ruhany hökmünde Maňa gulluk etmek üçin golaýyma gelmesinler, mukaddes sadakalarymyň, iň mukaddes zatlaryň hiç birine ýakynlaşmasynlar, olar diňe öz eden nejis işleriniň utançlaryny çekerler.
14 Men olary öýüň ähli hyzmaty üçin, onda edilmeli ähli işleri goramak üçin bellärin.
15 Emma ysraýyl halky Menden aýrylyp, ýoldan çykanda, mukaddes öýümi goramak keşigini çeken Sadok neslinden bolan lewi ruhanylary Maňa hyzmat etmek üçin ýakynlaşarlar; ýagy we gany Maňa hödür etmek üçin huzurymda olar durarlar. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
16 Mukaddes öýüme diňe olar girerler, Maňa hyzmat etmek üçin hantagtama olar ýakynlaşarlar we öýüň goramak keşigini olar çekerler.
17 Olar içki howlynyň derwezelerine zygyrdan dokalan eşikde girerler, içki howlynyň derwezelerinde we içerde hyzmat edýärkäler, eginlerinde ýüňden edilen eşik bolmasyn.
18 Başlaryna zygyrdan selle orap, eginlerine zygyrdan tikilen içki geýimleri geýerler; derledýän zat geýmesinler.
19 Olar halkyň ýanyna daşky howla çykanlarynda, eginlerindäki eşiklerini çykaryp, olary mukaddes otagda goýarlar; ol eşikleri bilen halka mukaddesliklerini geçirmezlik üçin başga eşikler geýsinler.
20 Ruhanylar kellelerini syrmasynlar, saçlaryny uzyn ösdürmesinler, olar saçyny diňe gyrkyp timarlasynlar.
21 Içki howla girende, hiç bir ruhany şerap içmeli däldir.
22 Olar dul we talagy berlen aýala öýlenmän, diňe Ysraýyl neslinden bolan boý gyza ýa-da başga ruhanydan dul galan aýala öýlensinler.
23 Meniň halkyma mukaddes zat bilen ýönekeý zadyň, halal bilen haramyň parhyny öwretmeli.
24 Olar dawada kazy hökmünde çykyş edip, Meniň hökümlerim boýunça karar çykararlar; ähli baýramlarymyň kada-kanunlaryny we parzlarymy, mukaddes Sabat kanunlarymy ýerine ýetirerler.
25 Olaryň hiç biri ölüniň ýanyna baryp, özüni haram etmeli däldir; diňe ata-enesi üçin, ogul-gyzy üçin, erkek dogany we durmuşa çykmadyk gyz dogany üçin özlerini haram edip bilerler.
26 Ol tämiz bolandan soň, onuň üçin ýedi güni sanamalydyrlar.
27 Ol mukaddes ýerde hyzmat etmek üçin içki howla giren güni öz günä gurbanlygyny hödür etmelidir. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
28 Ruhanylaryň mirasy bardyr, ol miras Mendirin; Ysraýylda olara mülk bermäň, olaryň mirasy Mendirin.
29 Galla sadakasyny, günä we ýazyk gurbanlyklaryny olar iýerler. Ysraýylda ähli bagyş edilen zatlar olaryňky bolar.
30 Ähli zatlaryňyzyň ilkinji hasyly we ähli sadakalaryňyz ruhanylaryňky bolar. Öýüňize bereket iner ýaly, ilkinji galladan edilen hamyry ruhanylara beriň.
31 Guş bolsun ýa haýwan bolsun, parhy ýok haram ölen ýa parçalanan zady ruhany iýmeli däldir».