Bap 18

Maňa Rebbiň sözi geldi:
2 «Näme üçin siz Ysraýyl ýurdy hakynda „Atalar turşy üzüm iýdiler, ogullaryň dişi gamaşdy“ diýen nakyly aýdýarsyňyz?
3 Öz barlygymdan ant içýärin, siz bu nakyly Ysraýylda gaýdyp ulanmarsyňyz. Muny Men Hökmürowan Reb diýýärin.
4 Ine, her bir diri jan Meniňkidir. Atalaryň jany-da, ogullaryň jany-da Meniňkidir; diňe günä eden jan öler.
5 Emma dogruçyl adam adalatly we dogry zady edýändir.
6 Ol daglarda butlara hödürlenen gurbanlykdan iýmez, ysraýyl halkynyň butlaryna göz dikmez, goňşusynyň aýalyny haram etmez ýa-da aýalynyň aýbaşyly wagtynda onuň bilen ýatmaz.
7 Hiç kime zulum etmez, bergidaryň girewini yzyna gaýtarar, talaňçylyk etmez, aja nan, ýalaňaja don berer.
8 Özüniň peýdasyna karz bermez, göterimine pul bermez, elini adalatsyzlyk etmekden saklar, iki adamyň arasynda adalaty hakykata laýyk ýerine ýetirer.
9 Ol Meniň parzlarymy ýerine ýetirer, hökümlerimi ak ýürekden doly berjaý eder; ol dogruçyl adamdyr; ol hökman diri galar». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.
10 «Indi bu dogruçyl adamyň zorluk edýän, gan dökýän bir ogly bar diýeliň.
11 Bu ogul atasynyň hiç bir etmedik ýamanlyklaryny edip, ýagşy işleriň gyrasynda görünmez, gaýtam, daglarda butlara hödürlenen gurbanlykdan iýer, goňşusynyň aýalyny haram eder.
12 Garyba we mätäje zulum eder, talaňçylyk eder, girewini yzyna gaýtarmaz. Butlara bil baglar, nejis işler eder.
13 Öz peýdasyna karz berip, göterimine pul berer. Beýle ogul diri galarmy? Ýok, diri galmaz. Ol bu nejis işleriň ählisini etdi, ol hökman öler we dökülen gany öz boýnuna bolar.
14 Aýdalyň, bu ogluň-da bir ogly bar bolsa, ol atasynyň eden ähli günälerini görüp pikir eder we bular ýaly işleri etmez;
15 daglarda butlara hödürlenen gurbanlykdan iýmez, ysraýyl halkynyň butlaryna bil baglamaz, goňşusynyň aýalyny haram etmez.
16 Hiç kime zulum etmez, girew almaz, talaňçylyk etmez, aja nan, ýalaňaja don berer,
17 garyba zulum etmez, peýda we göterim almaz. Eger ol Meniň hökümlerimi ýerine ýetirip, parzlarymy berjaý etse, kakasynyň ýazygy zerarly ölmän, ol hökman diri galar.
18 Onuň kakasy bolsa öz eden günäleri üçin öler, ol zalymlyk edip, doganyny talady, halkynyň arasynda ýaramaz işler etdi.
19 Ýöne siz: „Näme üçin ogul atasynyň ýazygyny çekmeýär?“ diýýärsiňiz. Sebäbi bu ogul adalaty we dogruçyllygy ýerine ýetirdi, Meniň ähli parzlarymy berk saklap, olary doly berjaý etdi; ol hökman diri galar.
20 Günä eden adam ölmelidir; atasynyň ýazygyny ogly çekmez, oglunyň ýazygyny-da atasy çekmez. Dogruçyl adam dogruçyllygynyň, erbet adam erbetliginiň jogabyny alar.
21 Erbet adam eden ähli günälerinden toba edip, Meniň ähli parzlarymy berjaý etse, adalaty, dogruçyllygy ýerine ýetirse, ol hökman diri galar, ölmez.
22 Onuň eden ähli jenaýatlary barada ýatlanman, ol eden dogry işlerinde ýaşar.
23 Näme Men erbet adamyň ölümini oňlaýarynmy? Men onuň erbet ýollaryndan toba edip, diri galmagyny islemeýärinmi näme? Muny Men Hökmürowan Reb diýýärin.
24 Ýöne dogruçyl adam öz dogruçyllygyndan dönüp, erbediň ähli nejis işlerini, pisliklerini etse, ol diri galarmy? Onuň eden dogry işleriniň hiç biri ýatlanylmaz; ol özüniň eden dönükligi bilen etmişi we günäsi üçin öler.
25 Ýöne siz: „Taňrynyň ýoly dogry däl“ diýýärsiňiz. Eý, ysraýyl halky, indi muny eşidiň, Meniň ýolum dogry dälmi? Nädogry ýol siziň ýollaryňyz dälmidir?
26 Dogruçyl adam dogruçyllygyndan dönüp, erbetlik etse we ölse, ol öz eden günäsi sebäpli öler.
27 Erbet adam-da eden erbetliginden dönüp, adalaty we dogruçyllygy ýerine ýetirse, ol adam öz janyny halas eder.
28 Ol özüniň eden ähli günälerine göz ýetirip, olara toba edendigi üçin, hökman diri galar, ol ölmez.
29 Ýöne ysraýyl halky: „Taňrynyň ýoly dogry däl“ diýýär. Eý, ysraýyl halky, Meniň ýollarym dogry dälmi? Nädogry ýol siziň ýollaryňyz dälmidir?
30 Munuň üçin, eý, ysraýyl halky, Men siziň her biriňizi öz tutan ýoluňyza görä höküm etjek. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Toba edip, ähli jenaýatlaryňyzdan el çekiň, şondan soň olar size günä etdirýän büdreme daşy bolmaz.
31 Edýän ähli jenaýatlaryňyzy özüňizden aýryň, täze ýürek we täze ruh ediniň! Eý, ysraýyl halky, siz näme üçin öljek bolýarsyňyz?
32 Men hiç kimiň ölümini oňlamaýaryn. Muny Men Hökmürowan Reb diýýärin. Şonuň üçin günäňizden el çekiň-de, diri galyň».