Bap 22

Maňa Rebbiň sözi geldi:
2 «Bu ganhor şäheri höküm et, eý, ynsan ogly, ony höküm et! Onsoň oňa özüniň eden nejis işlerini aýdyp ber.
3 Oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Eý, öz içinde gan döküp, weýrançylygyny taýýarlaýan şäher! Butlar ýasap, özüni haram edýän şäher!
4 Döken ganlaryň bilen etmişli bolduň, ýasan butlaryň bilen haram bolduň; günleriňiň soňuny ýakynlaşdyrdyň, ýyllaryňyň soňuna çykdyň. Şonuň üçin hem Men seni milletleriň öňünde utanja, ähli ýurtlaryň öňünde masgaraçylyga sezewar ederin.
5 Eý, ady nejis we içi gowgadan doly şäher, ýakyndakylar-da, uzakdakylar-da seni masgaralarlar.
6 Ine, içiňde ýaşaýan her bir Ysraýyl ýolbaşçysy öz güýjüniň çatdygyndan gan dökýär.
7 Olar ata-enäni kemsitdiler, seniň içiňde gelmişege sütem etdiler, dul hatyna we ýetime zulum etdiler.
8 Sen Meniň mukaddes zatlaryma we mukaddes Sabat kanunlaryma biperwaý garadyň.
9 Gan dökmek üçin araňyzda töhmetçiler bar. Öz araňyzdakylar daglaryň üstünde gurbanlyk iýdiler we haýasyzlyk etdiler.
10 Olaryň käbiri öz atalarynyň aýaly bilen ýatdy. Seniň içiňde aýal haramka namysyna degildi.
11 Kimse goňşusynyň aýaly bilen nejis iş etdi; kimse haýasyzlyk bilen öz gelnini haram etdi; kimse öz aýal doganynyň, öz atasynyň gyzynyň namysyna degdi.
12 Gan dökmek üçin seniň içiňde para aldylar; sen peýda we göterim aldyň, zorluk bilen goňşyňdan gazanç etdiň we Meni unutdyň. Muny Hökmürowan Reb aýdýar.
13 Ine, eden haram gazanjyň we öz içiňde döken ganyň üçin Men elimi elime uraryn.
14 Seniň bilen iş salşan günlerimde ýüregiň berk, elleriň güýçli bolarmy? Muny Men-Reb aýtdym. Ony ýerine hem ýetirerin.
15 Men seni milletleriň arasyna dargadaryn, ýurtlara pytradaryn, haramlygyňyň soňuna nokat goýaryn.
16 Milletleriň gözüniň alnynda özüňi haram etmegiňi bes edeniňde Meniň Rebdigimi bilersiň“».
17 Maňa Rebbiň sözi geldi:
18 «Eý, ynsan ogly! Ysraýyl halky Meniň üçin galyndy boldy; olaryň bary bir körükde eredilen kümşüň galyndysy bürünç, galaýy, demir we gurşun galyndysy ýalydyr.
19 Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Baryňyzyň galyndy bolandygyňyz üçin, Men sizi Iýerusalimiň ortasyna ýygnaryn.
20 Eretmek üçin ody üfläp, kümşi, bürünji, demri, gurşuny we galaýyny körüge salyşlary ýaly, Men-de sizi gahar-gazabym bilen şähere salyp erederin.
21 Sizi ýygnap, gazap odumy üstüňize üflärin we siz şäheriň içinde erärsiňiz.
22 Kümşüň körükde ereýşi ýaly, siz-de şäheriň içinde erärsiňiz, onsoň gahar oduny üstüňize dökeniň Men-Rebdigimi bilersiňiz“».
23 Maňa Rebbiň sözi geldi:
24 «Eý, ynsan ogly! Oňa: „Sen gazap güni tämizlenmedik, üstüne ýagyş ýagmadyk ýurtsuň!“ diý.
25 Onuň içindäki hökümdarlary arlap awuny parçalaýan arslan kimindir; olar adamlary ýuwutdylar, baýlyk we mal-mülk aldylar, öz içinde dullaryň sanyny köpeltdiler.
26 Onuň ruhanylary kanunlarymy basgyladylar, mukaddes zatlarymy harladylar; mukaddes zat bilen ýönekeý zadyň arasynda parh goýmadylar, haramyň we halalyň nämedigini halka öwretmediler, mukaddes Sabat kanunlaryma biperwaý garadylar; Men olaryň arasynda äsgermezçilige duçar boldum.
27 Aralaryndaky ýolbaşçylary haram gazanç üçin gan dökmekde, adam janyny ýok etmekde awuny parçalaýan gurtlar kimindir.
28 Pygamberleri boş görnüşler görüp, ýalandan pal atyp, bu etmişleriniň üstüne hek çalýarlar. Men-Reb aýtmadyk bolsam hem, „Hökmürowan Reb şeýle diýýär“ diýýärler.
29 Ýurduň halky biri-birini ezip, talaňçylyk etdi, garyba we mätäje zulum etdi, nähak ýere gelmişege sütem etdi.
30 Ýurdy heläk etmezligim üçin diwary täzeden bejerip, onuň gädiginde ýurt üçin öňümde durup biljek bir adam agtardym, ýöne tapyp bilmedim.
31 Şonuň üçin hem Men olaryň üstlerine gazabymy dökdüm, gahar odum bilen olary ýakyp ýok etdim. Eden işlerini öz başlaryndan inderdim». Muny Hökmürowan Reb diýýär.