Bap 23

Maňa Rebbiň sözi geldi:
2 «Eý, ynsan ogly! Bir eneden doglan iki gyz bardy.
3 Olar ýaşkalar Müsürde loly bolup, zyna etdiler. Ol ýerde olaryň mämeleri ellendi we gyz göwüsleri gysymlandy.
4 Ulusynyň ady Ohola, kiçisiniňki bolsa Oholybady. Olar Meniňki boldular, ogullar we gyzlar dogurdylar. Atlaryna görä Ohola Samarýadyr, Oholyba Iýerusalimdir.
5 Ohola Meniňkikä zyna edip, oýnaşlary bolan aşur ýolbaşçylaryna göwün berdi.
6 Bular mawy eşik geýnen häkimler bilen emeldarlardy, ählisi görmegeý ýaş ýigitler we atly esgerlerdi.
7 Ohola Aşuryň görnükli adamlaryna özüni zynagärlige berdi. Ol kimlere göwün beren bolsa, şolaryň butlary bilen özüni haram etdi.
8 Müsürliler bilen hem zynagärligini goýmady. Ol ýaşka müsürliler onuň bilen ýatdylar, gyz göwüslerini gysymladylar we zynalaryny onuň üstüne dökdüler.
9 Şonuň üçin Men ony göwün beren oýnaşlarynyň eline, ýagny aşurlaryň eline berdim.
10 Olar onuň ýalaňaçlygyny paş etdiler, ogullaryny we gyzlaryny aldylar, özüni bolsa gylyç bilen öldürdiler. Oňa hökümler çykaryldy we ol aýallaryň arasynda masgara boldy.
11 Aýal dogany Oholyba muny görse-de, göwün bermekde ondan hem azgyndy, zynagärligi uýasynyňkydan-da has çökderdi.
12 Ol bezemen geýnüwli aşur ýolbaşçylaryna häkimlere, emeldarlara, at münýänlere, görmegeý ýaş ýigitleriň baryna göwün berdi.
13 Men onuň haram bolandygyny gördüm; ikisiniň hem ýoly birdi.
14 Emma Oholyba zynagärligini artdyrdy, ol gyzyl reňkler bilen diwaryň ýüzüne çekilen babylly erkekleriniň şekilini gördi.
15 Şeýle hem billeri guşakly, başlary uly selleli, ählisi serkerde sypatly, asly babylly bolanlaryň suratyny gördi.
16 Oholyba olary gören badyna göwün berip, babyllylaryň ýurduna çaparlar ýollady.
17 Babyllylar onuň ýanyna, söýgi düşegine geçdiler, zynagärlikleri bilen ony haram etdiler. Babyllylar bilen özüni haram edenden soň, olary kalby bilen ýigrendi.
18 Oholyba zynagärligini we ýalaňaçlygyny açyk paş edende, onuň uýasyny ýigrenişim ýaly, kalbym ony-da ýigrendi.
19 Oholyba Müsür ýurdunda zynagärlik eden ýaşlyk günlerini ýatlamak üçin zynagärligini has artdyrdy.
20 Göwreleri eşegiň göwresi kimin we billeri atyň bili kimin bolan oýnaşlaryna göwün berdi.
21 Şeýlelikde, müsürliler seniň mämeleriňi elläp, gyz göwüsleriňi gysymlan döwründäki ýaly ýaşlyk haýasyzlygyňy etdiň».
22 Şonuň üçin, eý, Oholyba, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men seniň ýigrenen oýnaşlaryňy özüňe garşy küşgürerin, olary her ýandan saňa garşy aýaga galdyraryn.
23 Babyllylary, ähli kesetleri, pekotlary, şowalary, kowalary we olar bilen birlikde tutuş aşurlary görmegeý ýaş ýigitleri, häkimleriň we emeldarlaryň baryny, serkerdeleri we ýolbaşçylary, at münýänleri saňa garşy goýaryn.
24 Olar ýaraglar, uruş arabalary, at-arabalar we bir topar halklar bilen saňa garşy çykyp, uly-kiçi galkanlary, demir tuwulgalary bilen daş-töwerekden daşyňy alarlar. Men olara höküm etmek ygtyýaryny bererin, olar öz däp-dessurlary boýunça saňa hökümler çykararlar.
25 Saňa garşy gabanjaňlygym oýanar. Olar saňa gazaplanyp ýowuz daraşarlar, burnuňy we gulaklaryňy kesip taşlarlar, aman galanlaryňyz gylyçdan heläk bolarlar. Ogullaryňy we gyzlaryňy alarlar, aman galanlaryňyzy ot ýakyp ýok eder.
26 Olar seniň geýimiňi sypyrarlar, owadan şaý-sepleriňi alarlar.
27 Men seniň Müsürden getiren haýasyzlygyň we zynagärligiň soňuna çykaryn. Sen olara indi gabagyňy galdyrmarsyň, Müsüri gaýdyp ýatlamarsyň».
28 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men seni öz ýigrenen adamlaryňyň, kalbyňyň ýigrenenleriniň eline bererin.
29 Olaryň saňa garşy özlerini alyp baryşlary ýigrençli bolar, seniň ähli zähmetiňiň hasylyny alyp, seni ýalaňaç hem alaň-açyk goýarlar. Sen milletler bilen zyna etdiň, olaryň butlary bilen haram bolduň. Şeýlelikde, zynagärligiň ýalaňaçlygy paş bolar.
30 Bu zatlaryň ählisi haýasyzlygyň we azgynlygyň sebäpli başyňdan iner.
31 Sen uýaňyň ýolundan ýörediň, Men onuň käsesini seniň eliňe bererin».
32 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Sen uýaňyň çukur we giň käsesinden içersiň, bu käsäniň pürepürdigi sebäpli, seniň üstüňden gülnüp masgara bolarsyň.
33 Serhoşlykdan we gaýgydan dolarsyň, ol seniň uýaň Samarýanyň käsesidir, ol elhençlik hem weýrançylyk käsesidir.
34 Ony içip tükedersiň, böleklerini ýenjip, göwsüňi parçalarsyň, Hökmürowan Reb: „Muny Men aýtdym“ diýýär».
35 Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Meni unudandygyňa, Menden ýüz öwrendigiňe görä sen hem öz haýasyzlygyň we zynagärligiň üçin jezaňy çek».
36 Reb maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Sen Ohola we Oholybanyň üstünden höküm çykar! Olara nejis işlerini bildir.
37 Olar zyna etdiler, elleri gan dökdi; butlary bilen zyna etdiler. Maňa dogran çagalaryny-da iýmit hökmünde olaryň butlaryna hödürlediler.
38 Maňa-da şu işi etdiler: şol gün Meniň mukaddes öýümi haram etdiler, mukaddes Sabat kanunlarymy harladylar.
39 Butlary üçin çagalarynyň damagyny çalanlaryndan soň, hut şol gün mukaddes öýümi harlamak üçin ol ýere girdiler, ine, Meniň öýümiň içinde şeýle etdiler.
40 Hatda, siz, iki uýa! Uzaklardan adamlar geler ýaly çaparlar ýolladyňyz, olar geldiler. Olar üçin siz ýuwundyňyz, gözleriňize sürme çekdiňiz, şaý-sepler bilen bezenip,
41 şanly düşekde oturdyňyz, düşegiň öňünde bolsa taýyn saçak bardy. Meniň ýakymly ysly tütetgim bilen ýagymy onuň üstünde goýduňyz.
42 Aladasyz märekäniň şowhunly sesi ýaňlanýardy; köpçülik adamlar bilen birlikde çölden serhoşlar hem getirildi. Olar bu iki uýanyň bileklerine bilezikler dakdylar, başlaryna gözel täçleri geýdirdiler.
43 Onsoň men: „Wah, bu bir zyna edip, sandan çykan aýal-a, emma olar onuň bilen jyns gatnaşyklaryny etmeklerini dowam etdirýärler“ diýdim.
44 Olar bir lolynyň ýanyna girilişi ýaly, onuň bilen ýatdylar. Şeýdip, haýasyz aýallar bolan Oholanyň we Oholybanyň ýanyna girdiler.
45 Emma dogruçyl adamlar olara zynahor we ganhor aýallaryňky ýaly höküm çykararlar, sebäbi olar zynahordurlar we ellerini gana buladylar».
46 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Olaryň garşysyna jemagaty örüz, olary howp astyna we talaňa sal.
47 Jemagat olary daşlar, gylyçlary bilen kerçär, ogul-gyzlaryny öldürip, öýlerini ýakar.
48 Şeýdip, Men ýurtdaky haýasyzlygyň soňuna çykaryn, ähli aýallar mundan sapak alyp, siziňki ýaly haýasyzlyk etmezler.
49 Olar haýasyzlygyňyzy öz üstüňize ýüklärler. Siz butlaryňyzyň günäsiniň jezasyny çekersiňiz. Şonda siz Meniň Hökmürowan Rebdigimi bilersiňiz».