Bap 19

Sen Ysraýyl ýolbaşçylary üçin şu agyny aýt:
2 «Seniň eneň kimdi? Arslanlar arasynda ene arslandy! Ýaş arslanlar arasynda ýatardy, çagalaryny kemala getirerdi.
3 Çagalaryndan birisi şir arslan bolup ýetişdi, awuny parçalamagy öwrendi, adamlary iýdi.
4 Milletler ol barada eşitldiler. Ony duzagyna düşürdiler, çeňňege ildirip, Müsüre getirdiler.
5 Enesi garaşyp, umydyny üzensoň, çagalaryndan başga birini alyp, ony şir arslan edip ýetişdirdi.
6 Ol arslanlar arasynda gezdi, şir arslan bolup ýetişdi, awuny parçalamagy öwrendi, adamlary iýmäge başlady.
7 Olaryň galalaryny ýykdy, şäherlerini weýran etdi. Ýurt we onuň içindäkiler arryldysyndan ýaňa çolardy.
8 Töweregindäki milletler oňa hüjüm etdiler; torlaryny ýazyp, ony duzaga düşürdiler.
9 Çeňňege ildirip, kapasa saldylar, Babyl şasynyň huzuryna getirdiler. Ysraýyl daglarynyň üstünde gaýdyp sesi eşidilmesin diýip, ony zyndana taşladylar.
10 Eneň bagdaky üzüm agajy kimin suwlaryň boýunda ekilipdi, ol bol suwlardan ýaňa hasylly we gür şahalydy.
11 Hökümdara hasa bolar ýaly güýçli şahalary bardy, boýy belent bulutlara ýetdi; belentligi we bol şahalary bilen göze ilip durardy.
12 Ýöne ony gazap bilen sogrup ýere taşladylar; gündogar ýeli miwesini guratdy, berk şahalary goparylyp soldy, olary ýalynly ot ýakyp ýok etdi.
13 Ol indi çölde, gurak we suwsuz ýurtda ekildi.
14 Onuň şahalarynyň bir çybygyndan ot çykyp, şahasyny hem miwesini ýandyrdy, hökümdarlyk hasasy üçin berk şaha galmady». Bu agydyr we agylygyna-da galar.