Bap 41

Onsoň ol adam meni Hudaýyň öýüniň daşky otagyna getirip, onuň söýelerini ölçedi, onuň ini her ýandan alty tirsekdi; bu öňki mukaddes çadyryň giňligi ýalydy.
2 Girelgäniň ini on tirsekdi; oňa her iki tarapdan birleşýän diwarlaryň ini bäş tirsekdi. Ol daşky otagy hem ölçedi, onuň uzynlygy kyrk tirsek, ini ýigrimi tirsekdi.
3 Onsoň ol içki otaga girip, girelgäniň her söýesini ölçedi, olaryň her biriniň ini iki tirsekdi. Girelgäniň ini alty tirsekdi we oňa her iki tarapdan birleşýän diwarlaryň ini ýedi tirsekdi.
4 Ol adam daşky otagyň öňündäki bu otagy ölçedi: uzynlygy-da, ini-de ýigrimi tirsekdi. Onsoň ol maňa: «Bu iň mukaddes otagdyr» diýdi.
5 Hudaýyň öýüniň diwaryny ölçedi, onuň galyňlygy alty tirsekdi; onuň tutuş daş-töweregindäki gapdal otaglarynyň ini dört tirsekdi.
6 Otag üstünde otag bolup, gapdal otaglar üç gatdy we her gatda otuz otag bardy. Pürsler öýüň diwarlaryna girmesin diýip, öýüň diwarlarynda gapdal otaglara goldaw berýän çykgytlar bardy.
7 Hudaýyň öýüniň töweregindäki gapdal otaglar ýokary gata çykdygyňça giňelýärdi, sebäbi öýüň diwarlarynyň düýbi ýokarsyna garanda inlidi. Ýokary gatlara çykdygyňça-da, otaglar giňelýärdi. Şeýle-de, iň aşaky otagdan iň ýokarky otaga ortaky otagdan çykylýardy.
8 Men bu öýüň daş-töwerekleýin belentligini gördüm; gapdal otaglaryň düýpleri doly bir ölçeg taýagyna, ýagny alty tirsege deňdi.
9 Gapdal otaglaryň daşky diwarynyň galyňlygy bäş tirsekdi;
10 öýüň gapdal otaglary bilen howlynyň otaglarynyň arasynda boş aralyk bardy. Onuň ini ýigrimi tirsek bolup, öýi daş-töwerekleýin gurşap alýardy.
11 Gapdal otaglar açyk giňişlige tarap açylýardy. Demirgazyk tarapdaky otaglara girilýän bir gapy bardy, günorta tarapynda hem bir gapy bardy; töwerekleýin açyk giňişligiň ini bolsa bäş tirsekdi.
12 Günbatardaky meýdançanyň öňünde bir ymarat bardy, onuň ini ýetmiş tirsekdi; diwarynyň galyňlygy her ýandan bäş tirsek, uzynlygy togsan tirsekdi.
13 Soňra ol adam Hudaýyň öýüni ölçedi: uzynlygy ýüz tirsekdi; onuň meýdançasy, jaýy, diwarlary bilen birlikde ýüz tirsek çykdy.
14 Öýüň gündogar tarapynyň we meýdançasynyň ini hem ýüz tirsekdi.
15 Onsoň ol öýüň arkasyndaky meýdança bakyp duran ymaratyň uzynlygyny ölçedi, her tarapyndaky eýwanlary bilen birlikde onuň uzynlygy ýüz tirsekdi. Daşky otag, içki otag, howla bakyp duran eýwan,
16 bosagalar, tagçalar, bosaganyň garşysyndaky üçtaraplaýyn diwarly eýwança ýerden tagçalaryna çenli agaç gapylydy. Bu tagçalar penjire görnüşindedi.
17 Gapynyň depesi, içki hem daşky otaglary, öýüň tutuş diwarlary nagyşlar bilen oýulyp, keruplar we palma agaçlary ýasalypdy;
18 iki kerubyň arasynda bir palma agajy bolup, her kerubyň iki ýüzi bardy.
19 Bir tarapynda palma agajyna bakýan ynsanyň ýüzi bardy, beýleki tarapynda palma agajyna bakýan ýaş arslanyň ýüzi bardy. Tutuş öýüň ähli töweregine şeýle edilipdi.
20 Daşky otagyň diwarynyň ýüzüne poldan gapynyň depesine çenli keruplar haşamlanandy; öýüň diwarynyň ýüzi-de şeýledi.
21 Daşky otagyň gapy söýeleri inedördüldi; iň mukaddes otagyň öňündäki gapy söýeleri-de bulara meňzeýärdi.
22 Gurbanlyk sypasy agaçdan bolup, beýikligi üç tirsek, uzynlygy iki tirsekdi; burçlary, uzynlygy we diwarlary hem agaçdandy. Ol maňa: «Rebbiň huzuryndaky hantagta budur» diýdi.
23 Daşky otag bilen iň mukaddes otagyň iki-ikiden goşa gapysy bardy.
24 Her gapynyň iki taýy, açylyp-ýapylýan iki taýy bardy; iki taýy bir gapynyňky, iki taýy-da beýleki gapynyňkydy.
25 Diwarlaryň ýüzüne çekilişi ýaly, daşky otagyň gapylaryna-da keruplar bilen palma agaçlary oýulyp çekilendi; daşarda eýwanyň öňünde dalan bardy.
26 Eýwanyň gapdal diwarlarynda penjire görnüşli tagçalaryň we palma agaçlarynyň şekili bardy. Öýüň gapdal otaglary we dalan hem şeýledi.