Bap 46

Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Içki howlynyň gündogara tarap bakýan derwezesi alty iş güni ýapyk bolar. Ol diňe Sabat güni we täze Aýyň ilkinji güni açylar.
2 Hökümdar daşardan derweze eýwanynyň üsti bilen içerik girip, gapynyň söýesiniň ýanynda durar. Onuň ýakma we salamatlyk gurbanlyklaryny ruhanylar hödür ederler; ol bosagada sežde edenden soň, daşary çykar, ýöne derweze agşama çenli açyk bolar
3 Sabat günlerinde we aýyň başlarynda ýurduň halky bu derwezäniň girelgesinde Rebbiň huzurynda sežde eder.
4 Hökümdaryň Sabat güni Rebbe hödür etmeli ýakma gurbanlygy şikessiz alty tokly we bir goç bolar.
5 Ol goç bilen berilmeli galla sadakasy üçin bir batman bugdaý bersin, guzular bilen berilmeli galla sadakasyny öz göwün islegine görä hödür etsin we her batman üçin dört küýze ýag berer.
6 Aýyň ilkinji güni bir öküzçe, alty tokly we bir goç hödür eder; bular şikesli bolmaly däldirler.
7 Öküzçe we goç bilen berilmeli galla sadakasy üçin hersine bir batman bugdaý bersin, guzular bilen berilmeli galla sadakasyny öz göwün islegine görä hödür etsin we her batman üçin dört küýze ýag bersin.
8 Hökümdar içeri girende, eýwanyň üsti bilen girip, şol ýol bilen hem yzyna çyksyn.
9 Ýurduň halky baýramlarda Rebbiň huzuryna gelende, sežde etmek üçin demirgazykdaky derwezeden giren günortadaky derwezeden çykmalydyr; şeýle hem, günortadaky derwezeden giren demirgazykdaky derwezeden çykmalydyr, ýagny giren derwezesinden öwrülmän, onuň garşysyndakydan çykmalydyr.
10 Girenlerinde, hökümdar olaryň ortasynda bolmalydyr we olar bilen bile girmelidir; çykanlarynda-da bile çykmalydyr.
11 Baýramlarda we dabaralarda öküzçe we goç bilen berilmeli galla sadakasy üçin hersine bir batman bugdaý berilsin, guzular bilen berilmeli galla sadakasy öz göwün isleglerine görä hödür edilsin we her batman üçin dört küýze ýag berilsin.
12 Hökümdar meýletin sadaka, ýagny ýakma ýa-da salamatlyk gurbanlyklary hökmünde Rebbe meýletin sadaka hödür edende, oňa gündogara tarap bakýan derweze açylmalydyr. Ol özüniň ýakma ýa-da salamatlyk gurbanlygyny edil Sabat güni edişi ýaly hödürlär. Onsoň daşary çykar we çykanyndan soň derweze ýapylar.
13 Rebbe ýakma gurbanlygy hökmünde her gün hiç bir şikessiz tokly taýýarlaň; ony her gün ertirine hödür ediň.
14 Şeýle hem onuň bilen her gün ertirine batmanyň altydan biri möçberinde saýlama un bilen, ony garmak üçin bir ýarym küýze ýag bilen galla sadakasyny hödür ediň. Bu ebedi düzgünler boýunça Rebbe hemişelik galla sadakasydyr.
15 Gündelik ýakma gurbanlygy hökmünde her gün ertirine tokly, galla sadakasy we ýag hödürlensin».
16 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Eger hökümdar öz ogullaryndan birine bir zat peşgeş berse, bu onuň öz mirasy bolar. Bu hökümdaryň agtyklarynyňky bolar; bu olara miras ýeten mülkdir.
17 Eger-de öz mülküni gullarynyň birine peşgeş berse, ol azatlyk ýylyna çenli onuňky bolar; onsoň ol muny hökümdara yzyna gaýtarmalydyr; emma hökümdaryň mülki öz ogullarynyňky bolar.
18 Hökümdar halkyň mirasyndan alyp, olary mülklerinden mahrum etmeli däldir; Meniň halkymdan hiç bir kişi mülkünden kowulmaz ýaly, her kim ogullaryna öz mülkünden miras bermelidir».
19 Ýaňky adam meni derwezäniň gapdalyndaky girelgeden ruhanylaryň demirgazyga tarap bakýan mukaddes otaglaryna getirdi. Ine, ol maňa otaglaryň günbatarynda bir ýer görkezdi.
20 Ol maňa: «Bu ýer ruhanylaryň ýazyk hem günä gurbanlyklaryny gaýnadýan we galla sadakasyny bişirýän ýeridir. Şoňa görä olar daşky howla çykmazlar we halka öz mukaddesliklerini geçirmezler» diýdi.
21 Onsoň ol meni daşky howla çykaryp, howlynyň dört burçundan geçirdi; howlynyň her burçunda bir howly bardy.
22 Howlynyň dört burçunda uzynlygy kyrk tirsek, ini otuz tirsek bolan ýapyk howlular bardy; bularyň dördüsiniň-de ölçegi birdi.
23 Olaryň dördüsiniň-de daşy diwarlydy; töwerekleýin diwarlaryň düýbünde bolsa ojaklar bardy.
24 Ol maňa: «Bular biş-düş jaýlarydyr. Öýüň hyzmatkärleri halkyň gurbanlyklaryny bu ýerde bişirerler» diýdi.