Müsürden çykyş

Chapter : 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40


Chapter 16

1 Ähli ysraýyl halky Eýlimden çykyp gaýtdy. Müsürden çykanlaryndan soň, olar ikinji aýyň on bäşi güni Eýlim bilen Sinaýyň aralygynda ýerleşýän Sin çölüne geldiler.
2 Çölde ähli ysraýyl halky Musa we Haruna igenmäge başladylar.
3 Olar şeýle diýdiler: «Biz Rebbiň elinden Müsürde ölen bolsak gowy bolardy. Biz ol ýerde etli gazanlar ataryp, doýýançak nahar iýerdik. Siz bolsa bu tutuş jemagaty açlykdan öldürmek üçin çöle getiripsiňiz».
4 Reb Musa: «Ine, Men size gökden çörek ýagdyrjak. Adamlar her gün gündelik paýyny ýygnamaga çykarlar. Şonda Men olary synap görerin. Olar Meniň kanunym boýunça ýöreýärlermi ýa-da ýok?
5 Altynjy gün olar gündelik ýygnaýan paýy bilen deňeşdirende iki esse köp ýygnap, iki günlügini taýýarlap goýsunlar» diýdi.
6 Şeýlelikde, Musa bilen Harun ähli ysraýyllara ýüzlenip: «Agşam siz özüňizi Müsürden alyp çykanyň Rebdigini bilersiňiz.
7 Irden bolsa siz Rebbiň şöhratyny görersiňiz, sebäbi Reb siziň Özüne garşy edýän zeýrençleriňizi eşitdi. Bizden nalar ýaly, biz kim bolupdyrys?» diýdiler.
8 Musa ýene-de: «Reb size agşamyna iýmäge et, ertirine bolsa doýýançaňyz çörek berer. Sebäbi Reb siziň Oňa garşy edýän şikaýatlaryňyzy eşitdi. Biz kim? Siziň igençleriňiz bize däl-de, Rebbe garşydyr» diýdi.
9 Musa Haruna: «Bütin ysraýyl halkyna aýt: „Indi olar Rebbiň huzuryna gelsinler, çünki Reb olaryň nalasyny eşitdi“» diýdi.
10 Harun tutuş ysraýyl halkyna ýüzlenip geplän badyna, olar çölde buludyň içinde peýda bolan Rebbiň şöhratyny gördüler.
11 Reb Musa şeýle diýdi:
12 «Men ysraýyllaryň nalyşyny eşitdim. Olara aýt: agşamyna et iýersiňiz, ertirine bolsa çörekden doýarsyňyz. Şonda siz Meniň Hudaýyňyz Rebdigimi bilersiňiz».
13 Agşam bedeneler uçup gelip, düşelgäni bürediler. Ir ertir bolsa, düşelgäniň töweregine çyg düşdi.
14 Çyg sowlanda, çölüň ýüzünde gyrawa meňzeş maýda inçe patrak ýaly zat galdy.
15 Ysraýyllar muny görende, biri-birlerinden: «Bu näme?» diýşip soradylar. Çünki olar munuň nämedigini bilmeýärdiler. Musa olara: «Bu size Rebbiň iýmäge beren çöregi.
16 Rebbiň buýrugy şudur: Her biriňiz ondan öz iýip biljegiňizi ýygnaň. Düşelgäňizdäki adam sanyna görä, her jan başyna bir omer ýygyp alarsyňyz» diýdi.
17 Ysraýyllar şeýle hem etdiler. Olaryň käbiri köpräk, käbiri azrak ýygnady.
18 Emma bir omer ölçegi bilen ölçänlerinde, köp ýygnanyňkydan artmady, az ýygnanyňky-da kem çykmady. Her kim öz iýip biljegini ýygnan eken.
19 Musa olara: «Ýekeje adam hem ondan ertire hiç zat galdyrmaly däldir» diýdi.
20 Emma olar Musa gulak asmadylar. Ýygnanlaryndan bir azragy ertire galdy. Ol bolsa gurtlap porsapdyr. Musanyň olara gaty gahary geldi.
21 Her gün ertirine her kim ondan öz iýip biljegini ýygnady. Gün gyzyp, yssy düşende, ol eredi.
22 Altynjy güni olar adam başyna iki esseden, ýagny, iki omer möçberinde ýygnadylar. Halkyň ähli ýolbaşçylary gelip, muny Musa aýdanlarynda,
23 Musa şeýle diýdi: «Rebbiň buýrugy şudur: Ertir dynç alyş güni, bu Rebbiň buýran mukaddes Sabat günüdir. Bişirjek zatlaryňyzy bişirip, gaýnatjak zatlaryňyzy gaýnadyň. Artan zatlaryňyzyň hemmesini ertir daňdana alyp goýuň».
24 Şeýlelikde, olar Musanyň buýrugy boýunça ertire çenli ondan alyp goýdular. Ol porsamady hem, gurtlamady hem.
25 Musa: «Muny şu gün iýiň, çünki bu gün Reb üçin Sabat günüdir. Bu gün siz olary meýdandan tapmarsyňyz.
26 Alty günläp siz ondan ýygnarsyňyz, emma ýedinji gün bolan Sabat güni meýdanda ondan hiç zat tapmarsyňyz» diýdi.
27 Ýedinji gün birnäçe adam ondan ýygnamaga çykdy, emma hiç zat tapmadylar.
28 Reb Musa: «Siz haçana çenli Meniň tabşyryklarymy we kanunlarymy ýerine ýetirmekden boýun towlajaksyňyz?
29 Serediň! Men size Sabat gününi berdim. Şonuň üçin hem altynjy gün Men size çöregi iki günlük edip berýärin. Ýedinji gün her kim öz ýerinde galsyn, hiç kim daşary çykmasyn» diýdi.
30 Şeýdip, adamlar ýedinji gün dynç aldylar.
31 Ysraýyllar ol çöregiň adyna manna diýip at goýdular. Ol kinzanyň tohumyna meňzeş ak we kiçi bolup, tagamy bal goşulyp bişirilen çelpek ýalydy.
32 Musa: «Rebbiň buýrugy şeýle: „Geljekki nesiller üçin bir omer möçberde manna saklaň, şonda olar Müsürden alyp çykanymdan soňra, çölde sizi nähili çörek bilen bakanymy görerler“» diýdi.
33 Musa Haruna: Bir golça alyp, onuň içine bir omer mannany sal. Geljekki nesiller üçin saklar ýaly, ony Rebbiň huzurynda goý diýdi.
34 Rebbiň Musa buýruşy ýaly, Harun ony saklamak üçin, Äht sandygynyň öňünde goýdy.
35 Ysraýyllaryň ornaşan ýurdy bolan Kengan topragyna baryp ýetýänçäler, olar kyrk ýyllap manna iýdiler.
36 (Bir omer ýarym batmanyň ondan bir bolýar.) ‎