Müsürden çykyş

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40


Bap 7

Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Fyrownyň öňünde Men seni Hudaý ýaly edýärin we doganyň Harun bolsa seniň pygamberiň ýaly bolar.
2 Meniň saňa buýurýan tabşyryklarymyň ählisini sen aýtmalysyň, doganyň Harun bolsa fyrowndan ysraýyllary öz ýurdundan goýbermegini sorar.
3 Emma Men fyrowny doňýürek adam ederin. Hatda Men Müsürde alamatlarymyň we gudratlarymyň sanyny köpeltsem-de,
4 fyrown sizi diňlemez. Şundan soň Men Müsüre göz görkezip, olara agyr jezalar berip, Öz halkym bolan ysraýyllary topar-topar edip, Müsürden alyp çykaryn.
5 Men golumyň güýjüni görkezip, Müsürden ysraýyllary alyp çykanymda, müsürliler Meniň Rebdigime göz ýetirerler».
6 Musa bilen Harun Rebbiň hut özlerine buýruşy ýaly etdiler.
7 Fyrown bilen gepleşen wagtlary Musa segsen, Harun bolsa segsen üç ýaşyndady.
8 Reb Musa bilen Haruna ýüzlenip:
9 «Eger fyrown size „Gudrat görkeziň“ diýse, Musa sen Haruna: „Taýagyňy al-da, fyrownyň öňünde ony ýere taşla“ diý, şonda hasa ýylana öwrüler» diýdi.
10 Şeýlelikde, Musa bilen Harun fyrownyň ýanyna bardylar we Rebbiň buýruşy ýaly etdiler. Harun fyrownyň we onuň emeldarlarynyň öňünde hasasyny ýere taşlady, ol ýylana öwrüldi.
11 Fyrown hem öz akyldarlaryny, jadygöýlerini ýygnady. Olar hem özleriniň gizlin syrlary bilen hut şeýle gudraty ýerine ýetirdiler.
12 Olaryň hersi öz hasalaryny ýere taşladylar welin, olar hem ýylana öwrüldiler. Emma Harunyň hasasy olaryň hasalaryny ýuwutdy.
13 Fyrownyň ýüreginiň doňy entek hem çözülenokdy. Rebbiň aýdyşy ýaly, ol heniz hem bulara gulak gabartmaýardy.
14 Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Fyrown doňýürek adam, ol halky goýbermekden ýüz öwürýär.
15 Fyrownyň irden derýa suwa düşmäge çykýan wagty, sen onuň ýanyna bar. Oňa duşmak üçin, Nil derýasynyň ýanynda garaş, eliňe ýylana öwrülen hasany hem al.
16 Soňra oňa şeýle diý: „Ýewreýleriň Hudaýy Reb ine şulary aýtmak üçin meni seniň ýanyňa iberdi. Ol saňa: ‘Meniň halkymy goýber, goý, olar çölde Maňa ybadat etsinler’ diýdi. Ine sen bolsa, entek hem muňa boýun bolmadyň.
17 Reb şeýle diýýär: ‘Şu etjek işimi görüp, sen Meniň Rebdigimi bilersiň: Görýäňmi, men şu elimdäki hasa bilen Nil derýasynyň suwuna uran badyma, suw gana öwrüler.
18 Nildäki balyklar öler we derýa porsar. Müsürliler Niliň suwundan içip bilmezler’“».
19 Reb Musa: «Haruna aýt: „Taýagyny alsyn-da, Müsüriň ähli suwlaryna olaryň derýalaryna, ýaplaryna, howuzlaryna we ähli suw howdanlaryna hasasy bilen urup çyksyn. Müsüriň ähli suwy, hatda çelekdäki we daş küýzelerdäki suwlar hem gana öwrüler“» diýdi.
20 Musa bilen Harun Rebbiň buýruşy ýaly etdiler. Harun fyrownyň we onuň emeldarlarynyň öňünde hasasyny uzadyp, Nil derýasynyň suwuna urdy, Nil derýasynyň tutuş suwy gana öwrüldi.
21 Nildäki balyklar öldi, Nil derýasy porsady. Şeýlelikde, müsürliler Nil derýasyndan suw içip bilmediler, Müsüriň ähli suwy gana boýalypdy.
22 Emma Müsür jadygöýleri hem özleriniň gizlin usullary bilen edil şu gudraty ýerine ýetirdiler. Şeýdip, fyrownyň ýüregi doňlugyna galdy. Rebbiň aýdyşy ýaly, fyrown olary diňlemedi.
23 Fyrown yzyna öwrüldi-de, öz jaýyna girip gitdi, muny ol hatda piňine-de almady.
24 Niliň suwundan içip bilmeýändikleri üçin, ähli müsürliler agyz suw gözläp, Nil derýasynyň boýuny gazdylar.
25 Rebbiň Nil derýasyny şeýle edeninden soň ýedi gün geçipdi. ‎