Müsürden çykyş

Chapter : 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40


Chapter 39

1 Mukaddes otagda hyzmat etmek üçin gök, badam, gyrmyzy ýüplükden owadan nagyşlanan geýimler tikdiler. Rebbiň Musa buýruşy ýaly, olar Harun üçin mukaddes lybaslary tikdiler.
2 Besalel efoty altyn sapakdan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyrdan dokalan matadan tikdi.
3 Altyn böleklerini owradyp, sapak ýaly inçe kesip, ony gök, badam, gyrmyzy ýüplügiň we nepis zygyr sapagyň arasyna ussatlyk bilen goşdular.
4 Her iki ujuny biri-birine baglaýan iki sany egin bagyny ýasap, ony hem berkitdiler.
5 Rebbiň Musa buýruşy ýaly, onuň ýüzündäki nagyşly kemeri hem edil efotyň tikilişi ýaly altyndan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tikdiler.
6 Hakyk daşlar taýýarlanyp, oňa nakgaşlaryň oýup möhür basyşy ýaly, Ysraýylyň ogullarynyň atlaryny oýup ýazyp, olary hem altyn gaş öýjüklere oturtdylar.
7 Rebbiň Musa buýruşy ýaly, Ysraýylyň ogullaryna ýatlama daşlary bolmagy üçin bulary efotyň egin bagyna dakdy.
8 Inçe nagyşlar bilen gursakça tikdi. Ony efotyň tikilişi ýaly edip, altyndan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tikdi.
9 Gursakçany iki gat edip, inini boýnuny bir garyş edip, ony dörtburç şekilinde etdi.
10 Gursakçanyň ýüzüne dört hatar gaş: birinji hatara goýy gyzyl, sary, zümerret gaşlary;
11 ikinji hatara pöwrize, gök ýakut, almaz;
12 üçünji hatara mämişi, ak we goňur ýakut, goýy gyrmyzy ýakut;
13 dördünji hatara altyn-sary, hakyk we ýaşyl gaşlary dakdy. Olar altyn gaş öýjüklere oturdylandy.
14 Ysraýylyň ogullarynyň atlaryna laýyklykda gaşlar on iki sany bolup, on iki tiräniň hersiniň ady edil möhür basylan ýaly edilip, her gaşyň ýüzüne oýulyp ýazylandy.
15 Gursakça üçin sap altyndan örme zynjyrlar ýasaldy.
16 Gursakça dakmak üçin, altyndan iki sany gaş öýjügi we iki sany altyn halka ýasap, olary gursakçanyň ýokarky iki ujuna ildirdi.
17 Örme iki altyn zynjyry gursakçanyň ujundaky iki halkadan geçirdi.
18 Zynjyrlaryň beýleki iki ujuny altyn gaş öýjüklere, efotyň öň tarapyndaky egin baglaryna berkitdi.
19 Altyndan ýene iki sany halka ýasap, olary gursakçanyň iç ýüzündäki iki ujuna, efotyň iç gatyna dakdy.
20 Altyndan ýene-de iki sany halka ýasap, olary efotyň öň tarapyndaky egin bagynyň aşaky bölegine berkitdi. Olar efotyň nagyşly kemeriniň ýokarsynda ýerleşendi.
21 Rebbiň Musa buýruşy ýaly, gursakçanyň efotdan sallanyp gaçmazlygy üçin, onuň halkalary gök ýüp bilen efotyň halkalaryna daňlandy. Şonda gursakça efotyň nagyşly kemeriniň ýüzünde durdy.
22 Besalel efotyň aşagyndan geýilýän dony gök matadan tikdi.
23 Onuň ortasyndan kelle girip-çykar ýaly açyk ýer goýdy. Bu açyk ýer ýyrtylmaz ýaly, oňa gyýa aýlady.
24 Gök, badam, gyrmyzy ýüplükden nar şekillerini ýasap, olary donuň aşaky etegine dakdy.
25 Sap altyndan jaňjagazlar ýasap, olary narlaryň arasyndan donuň tutuş aşaky etegine dakdy.
26 Rebbiň Musa buýruşy ýaly, bir nar bilen altyn jaňjagaz, olar hyzmat edende geýmek üçin tikilen donuň tutuş aşaky etegine dakyldy.
27 Olar Harun we onuň ogullary üçin nepis zygyr matadan uzyn köýnekler hem tikdiler
28 Şeýle hem, nepis zygyr matadan selle, başdaňy we ýüplükden içki geýimler tikdiler.
29 Bilguşagy gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan edilip, nagyşlar bilen keşdelendi. Bu Rebbiň Musa buýruşy ýaly edildi.
30 Sap altyndan bezeg şaýyny ýasady. Oýup möhür basylan dek, onuň ýüzüne Rebbe bagyş edilen diýen sözleri oýup ýazdy.
31 Rebbiň Musa buýruşy ýaly, muny gök sapak bilen selläniň öň tarapyna çatdy.
32 Şeýlelik bilen, Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň ähli işi tamamlandy. Ysraýyllar ähli zatlary edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly ýasadylar.
33 Soňra olar mukaddes çadyry Musanyň ýanyna getirdiler, şeýle hem: çadyr we onuň ähli esbaplary, onuň ildirgiçleri, çarçuwalary, taýaklary sütünleri we aýaklary;
34 goçuň eýlenen derisinden we saýlama deriden ýapynja, tuty;
35 Äht sandygy we onuň syryklary, gapagy,
36 hantagta, onuň ähli enjamlary, Rebbe hödür çöregi;
37 yşyk üçin sap şemdan, onuň ähli enjamlary we çyralary, çyra üçin ýag;
38 altyndan tütetgi sypasy, mesh ýagy we hoşboý ysly zatlar, mukaddes çadyryň girelgesi üçin ýapynja;
39 bürünç gurbanlyk sypasy, onuň bürünçden gözenegi, onuň syryklary we ähli enjamlary, legeni we onuň sütüni;
40 haýatyň perdeleri, sütünleri we aýaklary, onuň derwezesi üçin ýapynja, onuň halkalary we gazyklary. Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň hyzmaty üçin ähli esbaplar.
41 Mukaddes otagda hyzmat etmek üçin, owadan tikilen mukaddes lybaslary. Ruhany Harunyň we onuň ogullarynyň ruhany bolup hyzmat etmekleri üçin ýörite geýimleri getirildi.
42 Ysraýyllar ähli işi edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly ýerine ýetirdiler.
43 Musa ähli işiň edil Rebbiň buýruşy ýaly ýerine ýetirlendigini görende, ysraýyllara alkyş aýtdy. ‎