Müsürden çykyş

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40


Bap 17

Ähli ysraýyl halky Sin çölünden göçüp gaýtdy. Rebbiň buýrugy boýunça olar ondan-oňa göçüp-gonup, ahyry Repidimde düşlediler, emma ol ýerde adamlar üçin içmäge suw ýokdy.
2 Olar Musa bilen dawalaşyp, ondan içer ýaly suw talap etdiler. Musa olara: «Näme üçin siz meniň bilen dawalaşýarsyňyz? Näme üçin siz Rebbi synaýarsyňyz?» diýdi.
3 Emma halk gaty suwsapdy. Olar Musa igenip, oňa şeýle diýdiler: «Näme üçin sen bizi Müsürden alyp gaýtdyň? Bizi, çagalarymyzy we mal-garalarymyzy suwsuzlykdan öldürmek üçin getirdiňmi?»
4 Şeýlelikde, Musa Rebbe dady-perýat edip: «Men bu halky näme edeýin? Olar meni daşlap öldürmäge taýýar ahyryn» diýdi.
5 Reb Musa: «Ysraýyllardan birnäçe ýaşulyny ýanyňa alyp, halkyň öňünden ýöre. Nil derýasyna uran hasaňy hem eliňe alyp git.
6 Men Horepdäki gaýada seniň öňüňde duraryn. Gaýany ur, ondan suw çykar. Şeýdip, adamlar suw içip bilerler» diýdi. Musa ysraýyl ýaşulularynyň arasynda şeýle etdi.
7 Musa ol ýeri Masa we Meriba diýip atlandyrdy. Sebäbi ysraýyllar: «Reb biziň aramyzdamy ýa-da ýok?» diýip dawalaşyp, Rebbi synadylar.
8 Soňra amalekler gelip, Repidimde ysraýyllar bilen söweşdi.
9 Musa Ýeşuwa: «Biziň üçin adamlar saýla we git-de amalekler bilen uruş. Ertir men elime Hudaýyň hasasyny alyp, depäniň üstünde duraryn» diýdi.
10 Ýeşuwa Musanyň aýdyşy ýaly, amalekler bilen söweşdi. Musa, Harun we Hur bolsa depäniň üstüne çykdylar.
11 Musa elini göterip duranda, ysraýyllar ýeňýärdi, elini aşak goýberende bolsa, amalekler ýeňýärdi.
12 Musanyň elleriniň ysgyny gaçdy. Şonda olar ony oturdar ýaly daş getirip goýup, Musany onuň üstünde oturtdylar. Harun bilen Hur onuň ellerini ýokary galdyryp, hersi bir ýandan tutup durdy. Tä Gün ýaşýança, onuň ellerini göterip durdular.
13 Ýeşuwa amalekleri we olaryň goşunyny gylyçdan geçirip, gyran-jyran etdi.
14 Reb Musa: «Bu ýeňşi ýatdan çykarmazlary ýaly kitaba ýaz we Ýeşuwa hem eşitdirip aýt, Men amalekleriň tohum-tijini Ýer ýüzünden süpürip taşlajakdyryn» diýdi.
15 Musa gurbanlyk sypasyny ýasady we oňa: «Reb meniň tugumdyr!» diýip at berdi.
16 Elim Rebbiň tugunda! Reb amalekleriň garşysyna nesiller boýy söweşer diýdi. ‎