Müsürden çykyş

Chapter : 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40


Chapter 27

1 «Akasiýa agajyndan gurbanlyk sypasyny ýasa. Onuň uzynlygy bäş tirsek, ini hem bäş tirsek bolsun. Gurbanlyk sypasy dörtburç şekilinde bolup, beýikligi hem üç tirsek bolsun.
2 Gurbanlyk sypasynyň dört burçy-da ýokary çykyp dursun. Şu burçlar gurbanlyk sypasy bilen bir bitewi bolsun. Ony bürünç bilen gapla.
3 Gurbanlyk sypasy üçin kül gaplary, kül atarlar, legenler, çarşaklar we maňňallar ýasa. Olaryň hemmesi bürünçden bolsun.
4 Gurbanlyk sypasy üçin bürünçden torly gözenek ýasa. Onuň dört burçunyň hersine bürünçden halka ýasa.
5 Halkalary gurbanlyk sypasynyň aşaky gurşawynda ýerleşdir, şonda gözenek gurbanlyk sypasynyň ýarysyndan aşakda bolar.
6 Akasiýa agajyndan syryklar ýasa we olary bürünç bilen gapla.
7 Gurbanlyk sypasyny iki tarapyndan göterip äkider ýaly, syryklary halkalardan geçir.
8 Gurbanlyk sypasynyň daşyny tagtadan ýasap, gutusynyň içini boş goý. Ol saňa edil dagda görkezilişi ýaly ýasalsyn».
9 «Mukaddes çadyryň haýatyny gur. Haýatyň günorta tarapynda ýüz tirsek uzynlykda nepis zygyr matadan perdeler as.
10 Perdeler üçin ýigrimi sany sütün we ýigrimi sany aýak ýasa. Olar diňe bürünçden bolsun, emma onuň ildirgiçleri we jähekleri kümüşden bolsun.
11 Demirgazyk tarapy üçin hem şeýle et. Onuň boýuna ýüz tirsek uzynlykda perdeler tut. Perdeler üçin bürünçden ýigrimi sany sütün we ýigrimi sany aýak ýasa, emma onuň ildirgiçleri we jähekleri kümüşden bolsun.
12 Haýatyň günbatar tarapyna elli tirsek uzynlykda perdeler tutulsyn we ol perdeler üçin on sany sütün we on sany aýak ýasa.
13 Haýatyň öň tarapy bolan gündogar tarapynyň giňligi elli tirsek bolsun.
14 Onuň bir tarapyna uzynlygy on bäş tirsek bolan perdeler tut. Olaryň hem üç sütüni we üç aýagy bolsun.
15 Beýleki tarapyna hem on bäş tirsek uzynlykda perdeler tut, onuň-da üç sütüni we üç aýagy bolsun.
16 Haýatyň girelgesine gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan uzynlygy ýigrimi tirsek bolan perdeler tut we olary nagyşlar bilen keşdele. Onuň dört sütüni we dört aýagy bolsun.
17 Haýatyň töweregindäki ähli sütünler kümüş bilen jäheklensin. Onuň ildirgiçleri kümüşden, aýaklary bürünçden bolsun.
18 Haýatyň uzynlygy ýüz tirsek, ini elli tirsek, beýikligi bäş tirsek bolsun. Onuň nepis zygyr matadan perdeleri we bürünçden aýaklary bolsun.
19 Mukaddes çadyrda ulanylýan ähli esbaplar, onuň ähli gazyklary we onuň haýatynyň ähli gazyklary bürünçden bolsun».
20 «Ysraýyllara aýt, çyra hemişe ýanyp durar ýaly, goý, olar saňa çyra üçin sap zeýtun ýagyny getirsinler.
21 Çyra Rebbe ýüz tutulýan çadyrda, Äht sandygynyň öňündäki tutynyň daş ýüzünde ýanyp dursun. Harun we onuň ogullary çyrany Rebbiň huzurynda ertirden agşama çenli ýaksynlar. Bu ysraýyllar üçin nesilme-nesil dowam etjek ebedilik kanun bolsun». ‎