Müsürden çykyş

Chapter : 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40


Chapter 9

1 Soňra Reb Musa: «Fyrownyň ýanyna bar-da, oňa şeýle diýip aýt: „Ýewreýleriň Hudaýy Reb şeýle diýýär: ‘Meniň halkymy goýber, olar gidip, Maňa ybadat etsinler’.
2 Eger sen olary ýene-de saklap, goýbermekden boýun towlasaň,
3 onda Reb meýdandaky mal-garalaryňyzyň, ýagny atlaryňyzyň, eşekleriňiziň, düýeleriňiziň we dowarlardyr sürüleriňiziň üstünden iň agyr külpetleri inderer.
4 Emma Reb ysraýyl mallary bilen Müsür mallarynyň arasynda tapawut goýjakdyr, ysraýyllara degişli mallaryň ýekejesi hem ölmez“» diýdi.
5 Şeýle hem Reb bu işi Müsürde ertir etjekdigini aýdyp, onuň wagtyny mälim etdi.
6 Ertesi gün Reb bu işi etdi: Müsürlileriň ähli mallary gyryldy, emma ysraýyl mallarynyň ýekejesi hem ölmedi.
7 Fyrown ýagdaýy bilmäge adam ýollady, görse, ysraýyl mallarynyň biri hem ölmändir. Emma fyrownyň ýüregi entek hem doňdy, ol halky ýene-de goýbermedi.
8 Soňra Reb Musa bilen Haruna: «Küreden goşawujyňyzy dolduryp kül alyň. Goý, Musa ony fyrownyň öňünde göge seçsin.
9 Ol kül tutuş Müsürde tozana öwrüler. Tozan bolsa adamlaryň we haýwanlaryň bedenine siňip, olarda açyk iriňli çybanlar emele getirer» diýdi.
10 Şeýlelikde, Musa bilen Harun küreden kül alyp, fyrownyň öňünde durdular. Musa küli howa seçdi weli, adamlarda we haýwanlarda açyk iriňli çybanlar emele geldi.
11 Müsür jadygöýleri bu çybanlardan ýaňa, Musanyň ýanyna baryp bilmediler. Çünki çybanlar jadygöýleriň hem, ähli müsürlileriň hem üstünden inipdi.
12 Emma Reb fyrowny doňýürek etdi. Ol Rebbiň Musa aýdyşy ýaly, olara gulak asmady.
13 Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Irden tur-da, fyrownyň huzuryna bar we oňa şuny aýt: „Ýewreýleriň Hudaýy Reb şeýle diýýär: ‘Meniň halkymy goýber, olar gidip, Maňa ybadat etsinler.
14 Ýogsam, bu gezek Men seniň öz üstüňden, emeldarlaryňyň we halkyňyň üstünden ähli bela-beterlerimi indererin. Şonda sen bütin ýer ýüzünde Meniň ýaly hiç kimiň ýokdugyny bilersiň.
15 Şu wagta çenli Men golumyň güýji bilen seni we seniň halkyňy gyrgyna berip, köküňiz bilen ýerden sogrup taşlap hem bilýärdim.
16 Emma Men sizi diňe şeýle maksat bilen, ýagny size Öz güýjümi görkezmek üçin diri saklap ýörün. Şeýdip, bütin ýer ýüzünde Meniň adym jar ediler.
17 Sen entek hem Meniň halkyma garşy tekepbirlik edip, olaryň gitmegine rugsat etmersiň.
18 Ine, ertir şu wagtlar Men Müsüriň taryhynda ömür görlüp-eşidilmedik güýçli doly ýagdyrjakdyryn.
19 Şonuň üçin hem häziriň özünde adam ýollap, meýdandaky bar bolan mal-garalaryňyzy we ähli zadyňyzy ýygnap, howpsuz ýere getiriň. Sebäbi öýüne getirilmän, meýdanda galan her bir adamyň we malyň üstünden güýçli doly ýagyp, olar öler’“».
20 Fyrownyň emeldarlarynyň arasynda Rebbiň sözünden gorkýanlary meýdandaky öz gullaryny we mallaryny derrew içeri ýygnadylar.
21 Emma Rebbiň sözüni piňine almaýanlar özleriniň gullaryny we mallaryny meýdanda galdyrdylar.
22 Soňra Reb Musa: «Eliňi asmana uzat, şonda tutuş Müsüriň üstüne doly ýagar. Müsüriň meýdanlarynda galan adamlaryň, mallaryň we her bir ekin nahallarynyň üstünden doly iner» diýdi.
23 Şundan soň, Musa hasasyny asmana uzatdy we Reb gök gürledip doly ýagdyrdy, ýyldyrym çakyp, ýere ot düşdi. Şeýdip, Reb Müsürde güýçli doly ýagdyrdy.
24 Doly ýagýarka, doly bilen bir wagtda ýyldyrym çakyp, yzy üzülmän ýere ot düşüp durdy. Müsürliler millet bolaly bäri, onuň tutuş ýerinde hiç haçan şeýle güýçli doly ýagmandy.
25 Doly tutuş Müsüriň meýdanlaryndaky ähli zatlary: adamlary we mallary weýran etdi, ol her bir ekin meýdanyny sandan çykardy. Şeýle hem, meýdandaky hemme agaçlaryny syndyrdy.
26 Diňe ysraýyllaryň ýaşaýan ýeri bolan Goşen topragynda doly ýagmady.
27 Soňra fyrown adam ýollap, Musa bilen Haruny çagyrtdy we olara: «Bu gezek men günämi boýun alýan. Rebbiňki dogry, meniň we halkymyň edýäni nädogry.
28 Rebbe dileg et! Gök gürrüldemesini we doly ýagmasyny bes etsin! Men sizi goýberjek, ýöne siz ol ýerde uzak galmaly dälsiňiz» diýdi.
29 Musa oňa: «Men galadan çykyp, ellerimi Rebbe uzatdygym, gök gürrüldisi kesiler we dolynyň ýagmasy galar. Şonda sen bu dünýäniň Rebbiňkidigini bilersiň.
30 Emma seniň we emeldarlaryňyň entek hem Reb Hudaýdan gorkmaýandyklaryny men bilýärin» diýdi.
31 (Zygyr we arpa weýran bolupdy. Arpa gulak çykaryp otyrdy, zygyr bolsa pyntyklapdy.
32 Emma bugdaýa we ýazlyk bugdaýa zeper ýetmändi, sebäbi olar gijräk gögerýärdi.)
33 Şeýlelikde, Musa fyrownyň ýanyndan gidip, galadan çykdy we asmana ellerini uzadyp, Rebbe dileg etdi. Şobada gök gürrüldisi we doly ýagmasy galdy. Ýere ýagyş guýmasy kesildi.
34 Ýöne fyrown ýagşyň, dolynyň we gök gürrüldisiniň kesilenini görende, ýene-de günä etdi. Fyrown we onuň emeldarlary ýene-de doňýürekligini etdiler.
35 Şeýdip, fyrown öňküsi ýaly doňýürekligine galdy. Edil Rebbiň Musanyň üsti bilen aýdyşy ýaly, ol ysraýyllary goýbermedi. ‎