Müsürden çykyş

Chapter : 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40


Chapter 6

1 Emma Reb Musa: «Meniň fyrowna näme etjegimi indi görersiň. Men ony gudratly golum bilen halkymy goýbermäge mejbur ederin, ol şu gudratly goluň zarbyndan ýaňa, hatda olary öz ýurdundan kowup çykarar» diýdi.
2 Hudaý Musa şeýle diýdi: «Men Rebdirin.
3 Men Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba Gudratygüýçli Alla bolup göründim, emma Özümi Reb adym bilen olara aýan etmedim.
4 Men olara gelmişek bolup ýaşan ýurdy bolan Kengan topragyny bermegi äht etdim.
5 Şeýle hem, Men ysraýyllaryň Müsürde gulçulykdan ýaňa ezilýändikleri sebäpli edýän ahy-nalasyny eşitdim we Öz eden ähtimi ýatladym.
6 Şonuň üçin hem ysraýyllara aýt: „Men Rebdirin. Men sizi Müsür zulumyndan çykaryp, gulçulykdan azat ederin. Gudratly güýç bilen we agyr jezalarym bilen Men sizi olardan halas ederin.
7 Men sizi Öz halkym edip kabul ederin we Men siziň Hudaýyňyz bolaryn. Şonda sizi Müsür süteminden alyp çykanyň Mendigimi, ýagny Hudaýyňyz Rebdigimi bilersiňiz.
8 Men sizi Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba söz beren ýerime elterin we Men size ol ýeri eýelemäge berjekdirin. Men Rebdirin“».
9 Musa bu sözleri ysraýyllara aýdyp berdi, emma olar göwnüçökgündikleri we rehimsiz ezilýändikleri sebäpli Musany diňlemediler.
10 Soňra Reb Musa: «Git-de, Müsüriň patyşasy fyrowna aýt, goý, ol ysraýyllara ýurdundan çykyp gaýtmaga rugsat bersin» diýdi.
12 Emma Musa Rebbe: «Görýäňmi, entek ysraýyllar meni diňlänok, onsoň fyrown maňa nädip gulak assyn, men bir dilsiz-agyzsyz adam ýaly ahyryn» diýdi.
13 Reb Musa we Harun bilen ysraýyllar we Müsüriň patyşasy fyrown hakynda gepleşip, olara ysraýyllary Müsürden alyp çykmagy buýurdy.
14 Bular ysraýyllaryň atalarynyň urugbaşylary: Ysraýylyň ilkinji ogly Rubeniň ogullary: Hanok, Pallu, Hesron we Karmy. Bular Rubeniň uruglary bolupdyrlar.
15 Şimgonyň ogullary: Ýemuwel, Ýamyn, Ohat, Ýakyn, Sohar we kenganly aýalyndan bolan ogly Şawul. Bular Şimgonyň uruglarydy.
16 Lewiniň nesil daragtyna görä, onuň ogullarynyň atlary şulardyr: Gerşon, Kohat we Merary. Lewi bir ýüz otuz ýedi ýaşap dünýäden ötdi.
17 Gerşonyň ogullary: Libni we Şimgi uruglary bilen.
18 Kohadyň ogullary: Imran, Ýishar, Hebron we Uzyýel. Kohat bir ýüz otuz üç ýaşap öldi.
19 Merarynyň ogullary: Mahly we Muşy. Ynha, bu aşakdakylar bolsa Lewileriň nesilleri boýunça uruglary.
20 Imran öz kakasynyň gyz jigisi Ýokebedi özüne aýal edip aldy, ol hem oňa Harun bilen Musany dogrup berdi. Imran bir ýüz otuz ýedi ýaşap aradan çykdy.
21 Ýisharyň ogullary: Kora, Nepek, Zikri.
22 Uzyýeliň ogullary: Mişaýel, Elsapan we Sitri.
23 Harun Amynadabyň gyzy, Nahşonyň gyz dogany Elişeba öýlendi we olaryň Nadap, Abyhu, Elgazar we Ytamar diýen ogullary boldy.
24 Koranyň ogullary: Asyr, Elkana we Abyýasap. Bular Koranyň uruglary bolupdyr.
25 Harunyň ogly Elgazar Putyýeliň gyzlarynyň birini özüne aýal edip aldy we ondan Pinehas diýen ogly boldy. Ynha, şular lewileriň uruglary boýunça olaryň atalarynyň urugbaşylary bolupdyr.
26 Rebbiň: «Ysraýyllary topar-topar edip, Müsürden alyp çyk» diýip buýruk beren adamlary ine, şu Harun bilen Musady.
27 Ysraýyllary Müsürden alyp gaýtmak üçin, Müsür patyşasy fyrown bilen gepleşenler hem şular – Musa bilen Harundy.
28 Şol gün Reb Müsürde Musa ýüzlendi.
29 Reb Musa: «Men Rebdirin. Meniň saňa aýdýanlarymyň hemmesini Müsüriň patyşasy fyrowna ýetir» diýdi.
30 Emma Musa Rebbe: «Men söze garyp adam, onsoň fyrown meni nädip diňlesin» diýdi. ‎