Müsürden çykyş

Chapter : 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40


Chapter 23

1 «Ýalan gep ýaýratma. Ýalana şaýatlyk edip, ýaramaz adama gol berme.
2 Erbet iş edýän köpçüligiň yzyna düşme. Bir dawada şaýatlyk edeniňde, köpçüligiň tarapynda durup, adalatdan ýüz dönderme.
3 Dawada garybyň-da tarapyny çalma.
4 Öz duşmanyňyň azaşan öküzine ýa-da eşegine duşsaň, ony eýesine getirip ber.
5 Eger seni ýigrenýän biriniň eşeginiň ýük astynda ýatanyny görseň, ony taşlap gitme. Oňa bu ýükden azat bolmaga kömek et.
6 Dawada garyba adalatsyzlyk etme.
7 Ýalan işden daşda dur. Bigünä we dogruçyl adamy öldürme, çünki Men günälini aklamaýaryn.
8 Para alma, çünki para emeldarlaryň gözüni kör eder, dogrynyň işini ters eder.
9 Gelmişege zulum etmäň. Gelmişegiň ýüregini bilýänsiňiz, çünki siziň özüňiz hem Müsürde gelmişek bolup ýaşapdyňyz».
10 «Alty ýyl topragyňyza ekin ekip, onuň hasylyny ýygyň.
11 Emma ýedinji ýyl topraga dynç beriň, ony şüdügär edip goýuň. Şonda ondan halkyňyzyň arasyndaky garyplar iýsin, ondan galanlaryny bolsa ýyrtyjy haýwanlar iýsin. Üzüm we zeýtun baglaryňyzy hem şeýle ediň.
12 Alty günläp öz işleriňizi ediň, emma ýedinji gün dynç alyň. Şonda öküziňize we eşegiňize-de ýeňillik bolar. Öýüňizdäki guluňyz hem, gelmişek hem rahatlanar.
13 Meniň size aýdanlarymyň ählisini ýerine ýetiriň. Başga hudaýlary çagyrmaň, goý, olaryň atlary-da agzalmasyn».
14 «Ýylda üç sapar Maňa baýram ediň:
15 Petir baýramyny belläň. Meniň buýruşym ýaly, Abyp aýynyň bellenen günlerinde ýedi günläp petir iýiň, çünki siz Müsürden şol aýda çykdyňyz. Meniň öňümde hiç kim eli boş görünmesin.
16 Meýdanda çeken zähmetiňiziň ilkinji hasylyndan Gyzyl kerwen baýramyny belläň. Meýdandaky miweleriňizi ýygyp bolup, ýylyň ahyrynda bolsa hasyl toý beriň.
17 Ýylda üç gezek erkekleriňiziň hemmesi Meniň ýanyma Taňry Rebbiň huzuryna gelsinler.
18 Maňa gurbanlyk üçin öldürýän malyňyzyň ganyny hamyrmaýaly çörek bilen bermäň. Meniň baýramymyň şanyna gurban eden malyňyzyň ýagy ertire galmasyn.
19 Ýeriňizde önen ilkinji miweleri Hudaýyňyz Rebbiň öýüne getiriň. Owlagy enesiniň süýdünde bişirmäň».
20 «Sizi ýolda gorar ýaly we taýýarlan ýerime getirer ýaly, Men siziň öňüňizden perişde iberýärin.
21 Onuň aýdanlaryna dykgat bilen gulak goýuň. Oňa garşy baş galdyrmaň. Ol siziň beýle etmişiňizi bagyşlamaz, çünki ol Meniň adym bilen geler.
22 Eger siz oňa boýun bolup, Meniň ähli aýdanlarymy berjaý etseňiz, onda Men siziň duşmanlaryňyza duşman, ýagylaryňyza ýagy bolaryn.
23 Meniň perişdäm siziň öňüňizden gidip, sizi amorlaryň, hetleriň, perizleriň, kenganlaryň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna getirer we Men olary gyryp ýok ederin.
24 Siz olaryň hudaýlaryna tagzym etmäň we olara gulluk etmäň. Olaryň dini adatlaryna uýmaň, gaýtam, olaryň butlaryny döwüp, dikme daşlaryny kül-peýekun ediň.
25 Siz Öz Hudaýyňyz Rebbe gulluk ediň, şeýtseňiz, Men siziň nanyňyza, suwuňyza bereket bererin. Siziň araňyzdan keselçiligi aýraryn.
26 Ýurduňyzda çagasy düşen ýa-da önelgesiz galan bolmaz. Ömrüňizi-de uzak ederin.
27 Men Öz haýbatymy siziň öňüňizden ugradaryn. Siziň garşyňyza çykan her bir halky aljyraňňylyga salyp, ähli duşmanlaryňyzy ýeňse berip gaçar ýaly ederin.
28 Men hiwilere, kenganlara we hetlere howp salyp, olary siziň öňüňizden kowup çykararyn.
29 Ýer boş galmaz ýaly we ýyrtyjy haýwanlar garşyňyza köpelmez ýaly, Men duşmanlaryňyzy siziň öňüňizden bir ýylyň dowamynda kowjak däl.
30 Siz köpelip, ýeri eýeleýänçäňiz, Men olary siziň öňüňizden ýuwaş-ýuwaşdan kowup çykararyn.
31 Gyzyl deňizden piliştlileriň deňzine çenli we çölden Perat derýasyna çenli araçäkleriňizi bellejek. Çünki olaryň ýaşaýjylaryny siziň eliňize berjek. Siz olary kowup çykaryň.
32 Siz olar bilen hem, olaryň hudaýlary bilen hem äht baglaşmaň.
33 Olar siziň ýurduňyzda ýaşamasynlar, ýogsam, olar sizi Maňa garşy goýup, günä etmäge mejbur ederler. Olaryň hudaýlaryna gulluk etseňiz, onda siz gürrüňsiz duzaga düşersiňiz». ‎