Müsürden çykyş

Chapter : 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40


Chapter 2

1 Şol wagtlar lewili bir adam öz tiresinden bir gyza öýlendi.
2 Onuň aýaly göwreli bolup, bir ogul dogurdy, ol çagasynyň ýakymlyjadygyny görüp, ony öýünde üç aý gizläp saklady.
3 Ol aýal çagasyny mundan artyk gizläp saklap bilmejekdigine göz ýetirip, onuň üçin gamyşdan örülen sebet aldy-da, onuň daşyny suw geçmez ýaly şepbik bilen örtdi. Ol çagany şol sebediň içinde ýatyryp, ony derýanyň gyrasyndaky suwda ösüp oturan gamyşlaryň arasynda ýerleşdirdi.
4 Jigisine näme bolarka diýip, çaganyň gyz dogany hem uzakdan seredip durdy.
5 Şol wagt fyrownyň gyzy derýa suwa düşmäge geldi. Onuň kenizleri bolsa derýanyň kenarynda aýlanyp ýördüler. Birdenkä fyrownyň gyzy gamyşlaryň arasyndaky sebedi görýär we ony getirmäge kenizleriň birini iberýär.
6 Fyrownyň gyzy sebedi açyp görse, ynha, onuň içinde bir çaga aglap ýatyr. Onuň çaga ýüregi gyýlyp: «Bu ýewreý çagalarynyň biridir» diýýär.
7 Soňra çaganyň gyz dogany fyrownyň gyzynyň ýanyna gelip: «Men gidip, çaga enekelik eder ýaly ýewreý aýallaryndan birini çagyraýynmy?» diýýär.
8 Fyrownyň gyzy «çagyraý» diýýär. Şeýdip, ol gyz gidip, çaganyň öz ejesini alyp gelýär.
9 Fyrownyň gyzy ol aýala: «Şu çagany äkit-de, muňa enekelik et. Men seniň hakyňy tölärin» diýýär. Şeýlelikde, bu aýal çagany äkidip, oňa enekelik edýär.
10 Çaga ösüp kemala gelende, ol ony fyrownyň gyzynyň ýanyna getirýär we fyrownyň gyzy ony özüne ogullyga alýar. Ol: «Men muny suwdan çykardym» diýip, onuň adyna Musa dakýar.
11 Musa ýigit çykandan soň, bir gün öz halky bolan ýewreýleriň arasyna aýlanmaga çykdy we olaryň agyr iş zerarly çekýän jebrini gördi. Ol bir müsürliniň öz halkyndan bolan bir ýewreýi ýenjip duranyny gördi.
12 Musa eýlesine-beýlesine göz gezdirdi, hiç kime gözi düşmänsoň, ol ýaňky müsürlini öldürdi we onuň jesedini çägä gömüp gizledi.
13 Ertesi güni ol aýlanmaga çykanda, iki sany ýewreýiň öz aralarynda urşup duranlaryny gördi we olaryň günälisiniň ýanyna baryp: «Näme üçin sen öz ýewreýiňi urýarsyň?» diýdi.
14 Ol adam: «Kim seni biziň üstümizden hökümdar ýa kazy edip goýdy? Düýnki müsürlini öldürişiň ýaly, meni hem öldürmekçimiň?» diýip jogap berdi. Mundan soň Musa gorkdy we ol: Meniň eden işim eýýäm aýan bolupdyr diýip pikir etdi.
15 Fyrown bu hakda eşidip, Musany öldürtmegiň küýüne düşdi. Emma Musa gaçyp, Midýan ýurdunda ornaşdy. Bir gün Musa bir guýynyň başynda otyrdy.
16 Midýan ruhanysynyň ýedi gyzy bardy. Şol wagt olar guýa gelip, öz kakalarynyň sürüsini suwa ýakmak üçin nowalary suwdan doldurdylar.
17 Şonda beýleki çopanlar gelip, ol gyzlary kowdular, emma Musa bu gyzlara arka durdy, olaryň sürüsini suwa ýakmaga kömekleşdi.
18 Gyzlar öýlerine kakalary Ýitronyň ýanyna gelenlerinde, olaryň kakasy: «Nädip siz bu gün öňkiňizden ir gelip bildiňiz?» diýip sorady.
19 Gyzlar: «Şu gün bizi bir müsürli adam çopanlardan gorady, hatda ol biziň sürimizi suwa ýakmaga hem kömek etdi» diýdiler.
20 Ol gyzlaryna: «Hany, ol adam nirede? Näme üçin siz ony taşlap gaýtdyňyz? Ony çagyryň, biziň bilen duz-çörek iýsin» diýdi.
21 Şeýlelikde, Musa bu adamyňkyda ýaşamaga razylaşdy we ol öz gyzy Syporany Musa durmuşa çykardy.
22 Ol bir ogul dogurdy, Ýat ýurtda men bir gelmişek boldum diýip, Musa onuň adyna Gerşom dakdy.
23 Köp wagtyň geçmegi bilen Müsür patyşasy dünýäden ötdi. Ysraýyllar bolsa heniz hem gulçulykda ezilýändiklerinden nalap, kömek sorap perýat etdiler. Olaryň zulum astynda edýän ahy-nalasy Hudaýa baryp ýetdi.
24 Hudaý olaryň nalyşyny eşitdi we Ol Ybraýym, Yshak we Ýakup bilen eden ähtini ýadyna saldy.
25 Hudaý ysraýyllara nazar saldy we olaryň hal-ahwallarynyň nähilidigine düşündi. ‎