Müsürden çykyş

Chapter : 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40


Chapter 24

1 Soňra Reb Musa: «Sen, Harun, Nadap, Abyhu we Ysraýylyň ýetmiş sany ýaşulusy Meniň ýanyma gelip, Maňa uzakdan sežde ediň.
2 Musa, seniň ýeke özüň Meniň golaýyma gel, beýlekiler ýakynlaşmasynlar, hatda halk daga-da aýak basmasyn» diýdi.
3 Musa gelip, Rebbiň ähli sözlerini we ähli hökümlerini halka mälim etdi. Tutuş halk bir agyzdan oňa: «Biz Rebbiň aýdan ähli sözlerini ýerine ýetireris» diýip jogap berdi.
4 Musa Rebbiň ähli sözlerini ýazdy. Ol daň bilen turup, dagyň eteginde gurbanlyk sypasyny ýasady. Ol Ysraýylyň on iki tiresine laýyklykda on iki sany uly daş dikdi.
5 Soňra Musa Rebbe ýakma gurbanlyklar beren we öküzler soýup, salamatlyk gurbanlyklaryny beren ysraýyllaryň ýaş ýigitlerini ugratdy.
6 Musa gurbanlyk ganynyň ýarysyny alyp, legenlere guýdy, ýarysyny bolsa gurbanlyk sypasyna tarap serpdi.
7 Soňra Musa Äht kitabyny eline alyp, ony halka eşitdirip okap berdi. Olar: «Rebbiň aýdanlarynyň ählisini ýerine ýetireris we oňa boýun bolarys» diýdiler.
8 Musa gany alyp, halkyň üstüne serpdi we olara: «Ine, ähli şu sözleriň esasynda, bu Rebbiň siziň bilen eden äht ganydyr» diýdi.
9 Soňra Musa, Harun, Nadap, Abyhu we ysraýylyň ýetmiş sany ýaşulusy daga çykdy.
10 Olar Ysraýylyň Hudaýyny gördüler. Onuň aýaklarynyň astynda edil ýakut daşyndan edilen ýaly meýdança bardy. Ol asman ýaly dup-durudy.
11 Hudaý ysraýyllaryň baştutanlaryna el degirmedi. Olar hem Hudaýy gördüler we iýip-içdiler.
12 Reb Musa: «Meniň ýanyma daga çykyp, ol ýerde garaş. Halka öwretmek üçin, Men saňa ýüzüne kanun we tabşyryklarym ýazylan iki sany ýasy daş bölegini berjek».
13 Şeýlelikde, Musa kömekçisi Ýeşuwa bilen ornundan turdy. Musa Hudaýyň dagyna çykmaga başlady.
14 Ol ýaşululara şeýle diýdi: «Yzymyza gaýdyp gelýänçäk, bize şu ýerde garaşyň. Harun bilen Hur siziň bilen galýar. Kimiň näme işi bolsa, şolara ýüz tutup bilersiňiz».
15 Soňra Musa daga çykdy. Bulut dagy gaplady.
16 Rebbiň şöhraty Sinaý dagyna ornaşdy. Bulut dagy alty günläp örtdi. Ýedinji gün Reb Musany buludyň içinden çagyrdy.
17 Indi Rebbiň şöhratynyň görnüşi ysraýyllaryň gözüne dagyň depesinde lowlap ýanýan ot ýaly bolup göründi.
18 Musa buludyň içine girip, daga çykdy. Musa dagda kyrk gije-gündiz boldy. ‎