Müsürden çykyş

Chapter : 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40


Chapter 40

1 Reb Musa şeýle diýdi:
2 «Birinji aýyň birinji güni Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyry gur.
3 Äht sandygyny getirip, onuň içinde goý we onuň öňünden tuty tut.
4 Hantagtany getirip, onuň enjamlaryny oturt. Şemdany getirip, onuň çyralaryny ýak.
5 Tütetgi üçin altyndan edilen sypany Äht sandygynyň öňünde goý. Mukaddes çadyryň girelgesine ýapynja tut.
6 Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň girelgesiniň öňünde ýakma gurbanlyk sypasyny gur.
7 Çadyr bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda legen goýup, oňa suw guý.
8 Tutuş daş-töwerege haýat gur we haýatyň derwezesine ýapynja tut.
9 Soňra mukaddes ýagyny alyp, mukaddes çadyry we onuň ähli zatlaryny ýag guý. Ony we onuň ähli esbaplaryny mukaddes et, şonda ol mukaddes bolar.
10 Ýakma gurbanlygynyň sypasynyň üstüne we onuň ähli enjamlarynyň üstüne hem ýag sepele. Şeýdip, gurbanlyk sypasyny mukaddes edip, ol iň mukaddes bolar.
11 Legeni we onuň durýan aýagynyň üstüne ýag sepeläp mukaddes et.
12 Soňra Haruny we onuň ogullaryny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesine getirip, olary suw bilen ýuw.
13 Haruna ruhany geýimlerini geýdir we onuň başyna ýag çalyp, Maňa bagyş et, şonda ol Maňa ruhany bolup hyzmat edip biler.
14 Onuň ogullaryny hem getirip, olara uzyn köýnekleri geýdir.
15 Atasyny bagyş edişiň ýaly, ogullaryny hem başyna ýag çalyp bagyş et, şonda olar Maňa ruhany bolup hyzmat edip bilerler: bu ruhanyçylyk olar üçin nesilme-nesil ebedilik bolar».
16 Musa ähli zady edil Rebbiň özüne buýruşy ýaly etdi.
17 Ikinji ýylyň birinji aýynyň birinji güni mukaddes çadyr guruldy.
18 Musa mukaddes çadyry şeýle gurdy: onuň aýaklaryny, çarçuwalaryny oturtdy, syryklaryny dakdy we sütünlerini dikdi.
19 Musa Rebbiň özüne buýruşy ýaly edip, mukaddes çadyryň daşky örtügini we ýapynjasyny tutdy.
20 Ol Äht ýazgysyny alyp, sandygyň içinde goýdy we sandygyň syryklaryny dakyp, onuň üstüniň gapagyny ýapdy.
21 Musa Rebbiň buýruşy ýaly, Äht sandygyny mukaddes çadyra getirip goýdy. Onuň öňünden tuty asyp, ony aýratyn goýdy.
22 Ol hantagtany tutynyň daşynda, Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň demirgazygynda goýdy.
23 Musa Rebbiň buýruşy ýaly edip, ol hödür çöregini hantagtanyň üstünde goýup, Rebbiň huzuryna getirdi.
24 Şemdany Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň günorta tarapyna getirip, hantagtanyň garşysynda goýdy.
25 Rebbiň özüne buýruşy ýaly, Musa Rebbiň huzurynda çyralary ýakdy.
26 Altyndan edilen sypany getirip, Rebbe ýüz tutulýan çadyrda, tutynyň öňünde goýdy.
27 Musa Rebbiň buýruşy ýaly, onuň üstünde ýakymly ysly tütetgi ýakdy.
28 Ol mukaddes çadyryň girelgesi üçin ýapynja hem tutdy.
29 Ol Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň girelgesinde ýakma gurbanlyk sypasyny goýdy. Rebbiň buýruşy ýaly, onuň üstünde ýakma gurbanlygyny we galla sadakasyny berdi.
30 Rebbe ýüz tutulýan çadyr bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda legeni goýdy we ýuwunmak üçin onuň içine suw guýdy.
31 Musa, Harun we onuň ogullary şol suw bilen ellerini we aýaklaryny ýuwdular.
32 Olar Rebbe ýüz tutulýan çadyra girenlerinde we gurbanlyk sypasynyň ýanyna gelenlerinde, Rebbiň Musa buýruşy ýaly ýuwundylar.
33 Mukaddes çadyryň we gurbanlyk sypasynyň daş-töweregine haýat gurdy we haýatyň derwezesine ýapynja tutdy. Şeýdip, Musa ähli işi tamamlady.
34 Soňra Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyry bulut örtdi. Rebbiň şöhraty mukaddes çadyry doldurdy.
35 Musa Rebbe ýüz tutulýan çadyra girip bilmedi, sebäbi ony bulut örtüp, mukaddes çadyry Rebbiň şöhraty doldurypdy.
36 Her gezek bulut mukaddes çadyrdan aýrylyp süýşende, ysraýyllar hem öz ýollaryny dowam etdirerdiler.
37 Emma bulut ol ýerden aýrylmasa, tä bulut süýşýänçä, olar hem göçmän oturardylar.
38 Her gezek tutuş ysraýyl halky ýöriş edende, Reb olar üçin gündizine bulut, gijesine ot sütüni bolup, mukaddes çadyryň depesinde durýardy. ‎