Müsürden çykyş

Chapter : 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40


Chapter 4

1 Soňra Musa Rebbe: «Eger olar maňa ynanmasalar ýa-da sözüme gulak asman „Reb saňa görnen däldir“ diýseler, men näme edeýin?» diýdi.
2 Reb Musadan: «Eliňdäki näme?» diýip sorady. Ol hem: «Hasa» diýdi.
3 Reb: «Ony ýere taşla» diýdi. Musa ony ýere taşlady, ol hasa ýylana öwrüldi. Şonda Musa ondan gaçyp başlady.
4 Emma Reb Musa: «Eliňi uzat-da, onuň guýrugyndan tut» diýdi. Musa elini uzadyp, ony tutan badyna, ýylan onuň elinde öňküsi ýaly hasa öwrüldi.
5 Reb oňa: «Ine, muňa ynanarlar, olaryň ata-babalarynyň Hudaýy Rebbiň, ýagny Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýynyň saňa görnendigine ynanarlar» diýdi.
6 Reb Musa ýene-de: «Eliňi donuňyň içine sok» diýdi. Ol hem elini donunyň içine sokdy. Ol elini daşyna çykaranda, onuň eli ak gar ýaly pis açdy.
7 Soňra Hudaý oňa: «Eliňi yzyna donuňyň içine sal» diýdi. Musa elini ýene-de donunyň içine salyp, täzeden çykaranda, bedenindäki beýleki agzalar ýaly bolup, onuň eli öňki kaddyna geldi.
8 Hudaý: «Eger olar saňa ynanmasalar ýa-da birinji görkezen alamatyňa ikirjiňlenseler, belki, olar seniň görkezen şu ikinji alamatyňa ynanarlar.
9 Eger olar bu görkezen iki alamatyňa-da ynanmasalar ýa-da saňa gulak asmasalar, onda Nil derýasyndan biraz suw getirip, ony gury ýere dök. Şol getiren suwuň gury ýerde gana öwrüler» diýdi.
10 Emma Musa Rebbe: «Eý, Taňrym, Öz guluň bolan maňa geplemeziňden öňem, soňam hiç haçan men dilewar adam bolmadyk. Men gepe çeper däl, dilim tutuk ýaly» diýdi.
11 Reb oňa: «Adamyň agzyny kim ýaratdy? Ony lal ýa-da ker edýän kim? Kim oňa göreç berýär ýa-da kim ony kör edýär? Bu Men Reb dälmi näme?
12 Häzir bolsa ýola düş, Men saňa sözlemäge kömek ederin we saňa näme aýtmalydygyňy öwrederin» diýdi.
13 Musa bolsa ýene-de: «Eý, Taňrym, ýalbarýaryn, şol ýere maňa derek başga birini iberäýsene» diýdi.
14 Şundan soň Rebbiň Musa gahary geldi we oňa: «Lewili doganyň Harun şol ýerde dälmi näme? Men onuň dile çeperdigini bilýärin. Ol eýýäm seni garşy almak üçin ýolda we ol seni görenine ýürekden begener.
15 Sen oňa gepläp, sözleri onuň agzyna salyp berersiň. Men siziň ikiňize hem geplemäge kömek ederin we size näme etmelidigiňizi öwrederin.
16 Saňa derek adamlar bilen Harun gepleşer. Ol seniň sözleýjiň bolar, sen bolsa onuň üçin Hudaý ýaly bolarsyň.
17 Alamatlary görkezer ýaly, sen bu hasany hem öz ýanyň bilen al» diýdi.
18 Musa gaýynatasy Ýitronyň ýanyna gelip, oňa: «Maňa yzyma, Müsüre öz dogan-garyndaşlarymyň ýanyna gitmäge ygtyýar ber. Olar dirimikä, gidip göreýin» diýdi. Ýitro Musa: «Sag-aman gidip gel» diýdi.
19 Midýanda Reb Musa: «Müsüre, yzyňa gidiber, çünki seniň janyňa kast etjek adamlaryň hemmesi öldi» diýdi.
20 Şeýlelikde, Musa aýalyny we ogullaryny eşege mündürip, yzyna, Müsür ýurduna gaýtdy. Ol öz ýany bilen keramatly hasany hem aldy.
21 Reb Musa şeýle diýdi: Müsüre, yzyňa baranyňda, Meniň saňa beren güýjüm bilen fyrownyň öňünde ähli gudratlary görkezersiň. Emma Men fyrowny doňýürek adam ederin, şol sebäpli hem ol ysraýyl halkyna gitmäge rugsat etmez.
22 Siz bolsa fyrowna şeýle diýiň: «Reb saňa: „Ysraýyl Meniň ilkinji bolan oglum.
23 Maňa gulluk eder ýaly Meniň oglumy goýber“ diýdim, emma sen onuň gitmegine garşy bolduň. Seret, indi Men hem seniň ilkinji bolan ogluňy öldürerin».
24 Ýolda olar bir kerwensaraýda düşlänlerinde, Reb Musa duşup, ony öldürmäge synanyşýar.
25 Emma Sypora çakmakdaşdan edilen pyçagy alyp, oglunyň ujydynyň pürçügini kesýär-de, ony Musanyň aýagyna degirýär we oňa: «Hakykatdan-da, sen gan üsti bilen baglaşan ärimsiň» diýýär.
26 Şundan soň Reb onuň ýanyndan aýrylýar. Sypora «Sen gan üsti bilen baglaşan ärimsiň» diýip, sünnet sebäpli aýtdy.
27 Reb Haruna: «Çöle git-de, Musanyň öňünden çyk» diýýär. Şeýlelikde, Harun gidip, ony Hudaý dagynda garşy alyp, ony gujaklaýar.
28 Soňra Musa Haruna Rebbiň oňa aýt diýip iberen zatlarynyň hemmesini aýtdy. Rebbiň oňa ýerine ýetirmeli diýip buýran ähli gudratly alamatlary hakynda hem gürrüň berdi.
29 Musa bilen Harun Müsüre baryp, ysraýyl ýaşulularynyň hemmesini bir ýere ýygnadylar.
30 Harun Rebbiň Musa aýdanlarynyň ählisini olara gürrüň berdi. Halkyň öňünde ol alamatlary hem görkezdi.
31 Adamlar oňa ynandylar. Ysraýyl halkyna Rebbiň nazar salandygyny we olaryň çekýän jebirlerini görendigini eşidenlerinde, olar başlaryny egip sežde etdiler. ‎