Bap 104

Rebbe alkyş aýt, eý, meniň janym! Sen nähili beýik, ýa Beýik Hudaýym! Şöhrata, şöwkete beslenýänsiň Sen!
2 Sen nury don kimin geýýäň, gökleri çadyr dek gerýäň.
3 Sen otaglaryňy suwlaryň üstünde gurýaň, bulutlary Özüňe söweş arabasy edinýäň, ýeliň ganatlaryna münüp aýlanýaň.
4 Sen ýelleri Özüňe ilçi edinýäň, ot-alawy Özüňe emeldar edýäň.
5 Sen ýeri binýatlarynyň üstünde gurduň, ol sarsmaz asyrlarboýy.
6 Sen ony çuňluklara beslediň, daglar suwlaryň astynda galdy.
7 Suwlar Seniň käýinjiňden yza çekilýär, gürrüldiňiň sesini eşidip, gaçýar.
8 Olar daglardan aşyp, jülgelere – Seniň olar üçin bellän ýeriňe inýär.
9 Suwlar gaýdyp ýer ýüzüni örtmesin diýip, Sen olar geçmesin diýip, bir serhet goýduň.
10 Sen çeşmeleri jülgelere akdyrýaň, olar daglaryň aralaryndan akýar.
11 Ähli meýdan haýwanlaryny hem suwa ýakýar, gulanlary suwdan gandyrýar.
12 Gök guşlary olaryň boýnunda mesgen tutunýar, ýapraklaryň arasyndan olar saýraşýar.
13 Sen daglary belentlikdäki mesgeniňden suwarýaň, Seniň işleriňiň miwesinden ýer kanagatlanýar.
14 Ynsanlar, mallar toprakdan azygyny edinsin diýip, olar üçin galla, otlar ösdürýäň:
15 ynsan kalbyny şatlandyrýan şeraby, onuň ýüzüni ýaldyradýan zeýtun ýagyny, ynsan ýüregine kuwwat berýän çöregi.
16 Rebbiň agaçlary – Onuň oturdan Liwan kedrleri bol suwarylýar.
17 Ol ýerde guşlar höwürtgeleýär, onuň çür başynda leglek höwürtge gurýar.
18 Belent daglar dag geçileri üçindir, baýyrlar torsuklara penadyr.
19 Ol möwsümleri kesgitlemek üçin Aýy ýaratdy, Gün hem öz ýaşmaly wagtyny bilýär.
20 Gije bolýar Sen garaňky düşüreniňde, ähli jeňňel haýwanlary janlanýar şonda.
21 Aw üçin arslanlar arlaýar, olar Hudaýdan rysklaryny dileýär.
22 Gün dogýar, olar yza çekilýär, sürenlerine girýär-de, ýatýar;
23 ynsan öz işine ugraýar, agşama çenli ol zähmet çekýär.
24 Ýa Reb, Seniň işleriň neneň köpsanly! Sen olaryň baryny etdiň paýhasly, Seniň ýaradanlaryňdan ýer ýüzi doly.
25 Ynha deňiz: ol ägirt we giň ol ýerde san-sajaksyz süýrenijiler, ululy-kiçili jandarlar bardyr.
26 Ol ýerde gämiler ýüzýär, deňiz içre oýnasyn diýip ýaradan aždarhaň-da bar.
27 Rysklaryny wagtynda berersiň diýip, olaryň bary Saňa garaşýar.
28 Sen berýärsiň – olar ýygnaýar, eliňi açýarsyň – näzi-nygmatdan doýýar.
29 Sen ýüzüňi gizleýärsiň – olar howsala düşýär, janlaryny alýarsyň – olar öz topragyna dolanýar.
30 Jan berýän demiňi iberýäň – olar ýaradylýar, Sen ýeriň ýüzüni täzeleýärsiň.
31 Goý, Rebbiň şöhraty ebedi bolsun, Reb Öz işleri babatda şadyýan bolsun.
32 Ol ýere seredýär, ol hem titreýär, daglara elin degirýär – olar tüteýär.
33 Men ömürboýy Rebbe nagma aýdaryn, barkam Hudaýa alkyş okaryn.
34 Meniň oýlanmalarym, goý, Onuň göwnünden tursun, çünki men Rebde şatlanýandyryn.
35 Goý, günäliler ýer ýüzünden ýok bolsun, erbet adamlar indi asla bolmasyn. Rebbe alkyş aýt, eý, meniň janym. Rebbe şan-şöhrat bolsun!