Bap 57

Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Heläk etme» äheňinde aýdylýan. Dawudyň Şawuldan gowaga gaçanda aýdan mezmury.

Maňa merhemet et, eý, Hudaý, maňa merhemet et, çünki meniň janym Saňa sygynýar. Men bela-beter geçip gidýänçä, Seniň ganatlaryňyň saýasynda gizlenjek.
2 Men çagyraryn Beýik Hudaýy – men babatda niýetini berjaý edýän Hudaýy.
3 Ol gökden kömek iberip, meni halas eder, maňa sütem edýäni utanja goýar. Hudaý söýgüsini, wepadarlygyny iberer.
4 Men arslanlaryň arasynda, wagşy haýwanlar ýaly adamlaryň arasynda ýatyryn; olaryň dişleri naýza, ok ýaly, kesgir gylyç ýaly olaryň dili.
5 Eý, Hudaý, göklerden-de ýokary beýgel! Tutuş ýer ýüzüne dolsun Seniň şöhratyň!
6 Olar ädimlerime duzak gurdular – gaýgydan ýaňa bilim büküldi. Olar öňümde çukur gazdylar – ýöne özleri oňa düşdüler.
7 Ýüregim sarsmaz, eý, Hudaý, sarsmazdyr meniň ýüregim: men nagmalar aýdyp, mukam çalaryn.
8 Oýan sen, eý, meniň ýüregim. Oýanyň, arfa hem kinor! Men daňy oýararyn nagmalar bilen.
9 Ýa Taňry, halklar arasynda Saňa şükür ederin. Milletler arasynda Saňa nagma aýdaryn.
10 Çünki Seniň söýgiň göklere ýetýär, wepalylygyň bulutlara direýär.
11 Eý, Hudaý, göklerden-de ýokary beýgel! Tutuş ýer ýüzüne dolsun Seniň şöhratyň!