Bap 150

Rebbe şan-şöhrat bolsun! Ony mukaddes öýünde şöhratlandyryň, Ony kuwwatly göklerinde şöhratlandyryň!
2 Ony gudratly işleri üçin şöhratlandyryň, Onuň ajaýyp belentligine laýyk şöhratlandyryň!
3 Ony surnaýlaryň sesi bilen şöhratlandyryň, arfada we kinorda şöhratlandyryň!
4 Deprek kakyp, tans edip, şöhratlandyryň, kirişli gural, tüýdük çalyp, şöhratlandyryň!
5 Ony owazly kimwallar bilen şöhratlandyryň, Ony belent owazly kimwallar bilen şöhratlandyryň!
6 Burnunda dirilik nepesi bolanlaryň bary Rebbi şöhratlandyrsyn! Rebbe şan-şöhrat bolsun!