Bap 55

Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz guralynda. Dawudyň maskili.

Eý, Hudaý, gulak goý meniň dogama, ret etme ýalbaryşymy.
2 Meni ünsli diňle hem-de jogap ber, pikirlerim meni birahat edýär; duşmanyň sesinden ýaňa, erbet adamyň zulmundan ýaňa, meniň başym çaşdy.
3 Çünki olar maňa sütem edýärler, gaharlarynda ajysyny pürkýärler.
4 Ýüregim ezýet çekýär içimde, ölüm howpy abandy meniň üstüme.
5 Gorky bilen galpyldy üstüme indi, meni aýylganç gorky gaplady.
6 Diýdim: «Wah, kepderi kimin ganatlarym bolsady! uçup gidip, asudalykda bolardym.
7 Hakyky, uzaklara – çöl-beýewana tarap gaçardym. Sela
8 Güýçli ýelden, gaý-harasatdan gaçalgama tarap men howlugardym».
9 Bulaşdyr, ýa Taňry, alart agyzlaryny, çünki gördüm şäherde zorluk, jenjeli.
10 Gije-gündiz diwarlarynyň üstünde aýlanýar olar, onuň içinde horluk, ezýet bar.
11 Onuň ortasynda weýrançylyk bar, zulum, hile köçelerinden hiç aýrylmaýar.
12 Çünki meni ýaňsylaýan duşman bolsady – muňa çydardym, meni ýigrenýän özüni menden ýokary tutsady – ondan gizlenerdim.
13 Emma muny edýän sen, ýagny özüm bilen des-deň tutanym: meniň dostum hem-de ýaranym.
14 Seniň bilen ýürekden söhbet ederdik, jemagat bilen Hudaý öýüne bile giderdik.
15 Goý, ölüm olaryň başyna insin, olar ölüler dünýäsine, goý, diri barsyn, çünki ýamanlyk bar öýlerinde, aralarynda.
16 Men bolsa çagyraryn Hudaýy, halas eder Reb meni.
17 Agşam, ertir, günorta çagy men ýalbaryp, nala çekýärin, Ol eşidýär meniň sesimi.
18 Maňa garşy bolan uruşda Ol halas eder meniň janymy, çünki köpler çykdy meniň garşyma.
19 Owaldan tagtynda oturan Hudaý eşider hem-de olara gaýtawul berer. Çünki olarda özgerişlik ýok, Hudaýdan olar gorkanok.
20 Ýoldaşym dostuna elin galdyrdy hem-de eden ähtini bozdy.
21 Onuň gepi baldan süýjüdi, kalbynda bolsa uruş-jeň bardy. Onuň sözleri ýagdan ýumşakdy, aslynda welin syrylan gylyçdy olar.
22 Sen ýüküňi Rebbiň üstüne ýükle, Ol seni söýgetlär. Ol dogry ynsanyň yranmagyna hiç haçan ygtyýar etmez.
23 Emma Sen, eý, Hudaý, ölüm çukuryna inderersiň olary; ganhorlar we hilegärler ömürleriniň ýaryny hem ýaşamaz; men bolsa bil baglaryn Saňa.