Bap 114

Ysraýyl Müsürden çykyp gaýdanda, Ýakup nesli dili başga halkdan gaýdanda,
2 Ýahuda Hudaýyň mukaddes öýüne, Ysraýyl hem Onuň şalygyna öwrüldi.
3 Deňiz görüp, ökje göterdi, Iordan derýasy ters ugra akdy.
4 Daglar bökjekleşdi goçlar ýaly, depeler hem – guzular ýaly.
5 Eý, deňiz, näme üçin gaçdyň? Eý, Iordan derýasy, näme üçin tersine akdyň?
6 Eý, daglar, näme üçin bökjekleşdiňiz siz goçlar ýaly, depeler hem – guzular ýaly?
7 Gaýany suw howzuna öwürýän, çakmak daşy suw gözbaşyna öwürýän Rebbiň öňünde,
8 Ýakup Hudaýynyň öňünde titre, ýer ýüzi!