Bap 77

Men Hudaýa perýat edýärin, meni eşideri ýaly perýat edýärin.
2 Muşakgatly günümde Taňryny agtarýaryn, gollarymy gijesine dynuwsyz göge gerýärin, meniň janym tesellini kabul etmeýär.
3 Hudaýy ýatlap, ahy-nala çekýärin, Ol hakda oýa batýaryn, ruhum ysgyndan düşýär. Sela
4 Sen meniň gözlerimi ukudan goýduň, ynjalykdan gaçyp, gürläp bilmeýärin.
5 Gadymy günler, köne döwür barada oýa batýaryn.
6 Ýatlaýaryn, gijesine öz ýüregim bilen söhbet edýärin oýlanýaryn, ruhum içgin-içgin çintgeýär:
7 Eýsem Taňry ebedilik ret edäýdimi? Indi menden asla razy bolmazmy?
8 Eýsem söýgüsi ebedilik kesiläýdimi? Beren sözlerini hiç haçan berjaý etmezmi?
9 Hudaý merhemet etmegi unudaýdymy? Gaharynda rehim-şepagatyny bes edäýdimi? Sela
10 Diýdim: «Beýik Hudaý indi tarapymyzy tutmaýar – bu meni lapykeç edýär».
11 Men Rebbiň edenlerini ýada salaryn, Seniň gadymy gudratlaryňy ýatlap geçerin.
12 Ähli işleriň barada pikir ederin, Seniň beýik işleriň barada oýa bataryn.
13 Seniň ýoluň mukaddesdir, eý, Hudaý, Hudaýymyz ýaly beýik haýsy hudaý bar?
14 Sen gudratlary edýän Hudaýsyň, Sen halklar arasynda güýjüňi aýan edensiň.
15 Sen kuwwatly goluň bilen Öz halkyňy: Ýakubyň, Ýusubyň nesillerini azat eýlediň. Sela
16 Eý, Hudaý, suwlar Seni gördüler, Seni görenlerinde heder etdiler, düýpsüz çuňluklar galpyldadylar.
17 Bulutlar suwlar dökdüler, gökler gübürdediler, peýkamlaryň çar tarapa uçdular.
18 Harasat içinde gürrüldiňiň sesi ýaňlandy, ýyldyrymlaryň dünýäni ýagtylandyrdy, ýer titräp, lerzana geldi.
19 Seniň ýoluň deňiz içredi, Seniň ýodaň haýbatly suwlar içredi, emma aýak yzlaryň görünmeýärdi.
20 Sen halkyňa Musany, Haruny çopan bellediň, olara goýun sürüsine dek Sen ýol görkezdiň.