Bap 95

Geliň, Rebbe nagma aýdaly, halas edýän gaýamyza şatlanyp, aýdym aýdaly.
2 Şükürlerimiz bilen huzuryna baraly, alkyş aýdymlaryny aýdyp, Oňa heşelle kakaly.
3 Çünki Reb beýik Hudaýdyr, ähli hudaýlaryň beýik Şasydyr.
4 Onuň elindedir ýer çuňluklary, Onuňkydyr dagyň çür depeleri.
5 Deňiz Onuňkydyr, çünki Ol ýaratdy ony, gury ýere şekil berdi Onuň elleri.
6 Geliň, sežde edip, tagzym edeli, bizi ýaradan Rebbiň öňünde dyza çökeli.
7 Çünki Ol biziň Hudaýymyzdyr, biz Onuň örüsiniň halkydyrys, Onuň elindäki goýunlardyrys. Onuň şu gün diýýänlerine gulak goýuň:
8 «Meribada, ol gün Masa çölündäki deý, siz gatatmaň ýüregiňizi.
9 Ol ýerde atalaryňyz Meni barlady, edenlerimi görse-de, Meni synady.
10 Kyrk ýyllap şu nesli Men ýigrenç saýdym. Diýdim: „Bu bir ýüregi azaşan halkdyr, Meniň ýollarymdan ýöreýän däldir“.
11 Şoňa görä, olar dynçlyk mekanyma girmezler diýip, Öz gazabymda Men kasam etdim».