Bap 40

Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.

Men intizar bolup, Rebbe garaşdym, Ol maňa tarap eglip, perýadymy eşitdi.
2 Meni heläkçilik gorpundan, batgalyk laýyndan çykaryp aldy; aýaklarymy gaýanyň üstünde durzup, Ol meniň ädimlerimi berkitdi.
3 Ol meniň agzymda bir täze nagma – Hudaýymyza alkyş nagmasyn goýdy; köpler muny görüp gorkarlar, hem-de Rebbe bil baglarlar.
4 Rebbe bil baglaýan nähili bagtly! Tekepbirlere, ýalan hudaýlara ýüz bermeýän ynsan nähili bagtly!
5 Ýa Beýik Hudaýym, Seniň bilen deňär ýaly hiç kim ýok! Seniň bize gönükdirilen gudratly işleriň we pikirleriň köpdür; men olary wagyz edip, aýdasym gelýär, ýöne olar sanardan köpdür.
6 Gurban bilen sadakany Sen islemediň; Sen meniň gulaklarymy açdyň; ýakma gurbanlygy, günä gurbanlygy talap etmediň.
7 Şonda diýdim: «Ynha, gelýärin; kitapda men barada ýazylgy.
8 Eý, Hudaýym, islegiňi berjaý etmekden lezzet alýaryn; Seniň kanunyň hem meniň kalbymda».
9 Uly jemagatda dogrulygyňy men wagyz etdim; Sen bilýärsiň, ýa Reb, men agzymy ýummadym.
10 Seniň dogrulygyňy ýüregimde men ýaşyrmadym; wepalylygyň, halas edişiň barada men gürrüň berdim; uly jemagatda söýgiňi, wepalylygyňy men gizlemedim.
11 Ýa Reb, Öz merhemetiňi menden aýama; Seniň söýgiň, wepalylygyň, goý, elmydama meni gorasyn.
12 Çünki sansyz bela-beter meni gurşady; öz etmişlerim meniň başymdan indi; görüp bilmeýän: olar başymyň saçyndan hem kän; pagyş-para boldy meniň ýüregim.
13 Ýa Reb, meni halas etmegi niýetiňe sal; ýa Reb, tiz ýetiş meniň dadyma.
14 Janyma kast edýänleriň hemmesi, goý, utanja galsyn, ýüzi gyzarsyn; başyma gelen külpetlere şat bolýanlar, yzyna öwrülip, masgara bolsun.
15 Maňa «haý, haý!» diýýänler, utançlaryndan ýaňa, goý, dowla düşsün.
16 Seni agtarýanlaryň bary Sende begenip, şadyýan bolsun; «Reb beýikdir!» diýip, halas edişiňi söýýänler dyngysyz aýtsyn.
17 Men bolsa garyp we mätäçdirin, emma Taňry maňa gamhorlyk eder; Sensiň kömegim hem Halasgärim, eglenme, eý, meniň Hudaýym!