Bap 41

Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.

Ejizlere rehimli garaýan neneňsi bagtly! Ýaman günde Reb ony halas eder.
2 Reb ony gorar, aman galdyrar, ýer ýüzünde oňa bagtly diýerler; Sen duşman eline ony bermersiň.
3 Hassalyk düşeginde Reb onuň daýanjy bolar, Reb oňa bütinleý şypa berer.
4 Men diýdim: «Ýa Reb, maňa merhemet eýle, şypa ber, çünki men günäli Seniň öňüňde».
5 Duşmanlarym erbet gürrüň edýärler men hakda, diýýärler: «Haçan ölüp, ady-sory ýiterkä?»
6 Olardan biri meni görmäge gelse, ýalan sözleýär, ýüregi gybat toplaýar, daşaryk çykandan soň, ony ýaýradýar.
7 Men barada pyşyrdaşýar meni ýigrenýänleriň bary, maňa garşy ýaman niýet edýärler.
8 Olar: «Ol ölüm howply bela uçrady, ine, ýatyr, indi galmaz» diýýärler.
9 Hatda duzumy iýen, bil baglan dostum maňa hyýanat etdi.
10 Emma Sen, ýa Reb, maňa merhemet eýle, meni dikelt, men olaryň almytyny bereýin.
11 Duşmanlarym menden üstün çykmasa, Seniň menden hoşaldygyňy bilerin.
12 Sen meni aýypsyzlygymda berkidýäň; ebedilik huzuryňda duruzýaň.
13 Ysraýylyň Hudaýy Rebbe alkyş bolsun ezelden ebedä çenli! Omyn! Omyn!