Bap 9

א

Men bütin ýüregim bilen Rebbe şükür ederin; Seniň ähli gudratly işleriňi aýdyp bererin.
2 Sende begenerin, joşa gelerin, adyňy taryplap, nagma aýdaryn, ýa Beýik Hudaý!
ב
3 Meniň duşmanlarym yzlaryna dönende, büdräp, ýok bolýarlar Seniň öňüňde.
4 Çünki Sen adalatly alyp bardyň dawamy, Sen tagtda oturyp, çykardyň dogry karary.
ג
5 Milletleri ýazgardyň, heläk etdiň erbetleri, ebedilik we baky öçürdiň olaryň atlaryny.
6 Müdimilik weýrançylykda ýok boldy duşman, şäherlerini ýok etdiň düýp-teýkaryndan, olary ýatlamadan galmady nyşan.
ה ד
7 Ýöne Reb baky höküm sürýändir; Ol adalatly höküm çykarmak üçin, Öz tagtyny berkarar etdi.
8 Ol dogrulyk bilen dünýä kazylyk edýär, halklara ýüz görmezden höküm çykarýar.
ו
9 Reb berkitme bolar ezilýänlere, berkitme bolar muşakgatlyk wagtynda.
10 Adyňy bilýänler Saňa bil baglar, çünki, ýa Reb, Özüňi agtarýanlary Sen terk eden dälsiň.
ז
11 Siýonda mesgen tutan Rebbe aýdyň siz nagma; eden işlerini jar ediň halklaryň arasynda.
12 Çünki Ol dökülen ganlaryň hununy alýar, olary Öz hakydasynda saklaýar; ejir çekýänleriň perýadyny Ol unutmaýar.
ח
13 Ýa Reb, maňa merhemet eýle, gör meni ýigrenýänlerden çekýän derdimi;
14 Saňa ähli alkyşlarymy jar ederim ýaly, Sensiň ölüm derwezelerinden meni halas eýleýän. Siýon gyzynyň2 derwezelerinde Seniň halas edişiňe men şatlanaýyn.
ט
15 Milletler gazan çukuryna özleri gaçdy, gizläp guran toruna öz aýaklary çolaşdy.
16 Çykaran höküminde Reb Özüni tanatdy – erbetleriň sapalagyna özlerini düşürdi. Higaýon. Sela
י
17 Ölüler dünýäsine düşerler erbetler we Hudaýy unudan ähli milletler.
כ
18 Çünki mätäç hemişelik unudyljak däl, garybyň umydy hem baky ýitjek däl.
19 Galk Sen, ýa Reb, ynsan üstün çykmasyn, milletlere höküm çykarylsyn Seniň öňüňde.
20 Ýa Reb, gorka gapla milletleriň kalbyny, bilsin olar, özleriniň diňe ynsandyklaryny. Sela