Bap 125

Rebbe bil baglaýanlar Siýon dagy deý: ol sarsmaz, ol durar asyrlarboýy.
2 Daglaryň Iýerusalimi gurşaýşy ýaly, Reb gurşaýar Öz halkynyň daşyny şindiden asyrlarboýy.
3 Dogrularyň ýurdunda erbetler höküm sürmezler baky, ýogsa dogrularyň hem ýamanlyk etmegi mümkin.
4 Ýa Reb, Sen ýalka, ýagşylary we päk ýüreklileri.
5 Emma Reb özleriniň egri ýollaryna sowlanlary, betkärler bilen bile jezalandyrar; goý, Ysraýylda rahatlyk bolsun!