Bap 133

Doganlaryň bile ýaşamaklary gör, nähili gowy hem-de ýakymly!
2 Bu başa guýulýan mukaddes ýag ýalydyr, sakgala, Harunyň sakgalyna, onuň geýiminiň ýakasyna syrygýan mukaddes ýag ýalydyr!
3 Ol Siýon daglaryna düşýän Hermonyň boldan-bol çygy kimindir. Çünki Reb ol ýerde ýalkynyş, baky ýaşaýyş bolsun diýip, tabşyryk berdi.