Bap 56

Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Uzakdaky dub agajynyň üstünde oturan kepderi» mukamynyň äheňinde çalynýan. Gat şäherinde piliştliler Dawudy tutanlarynda, onuň aýdan miktamy.

Eý, Hudaý, maňa merhemet eýle, çünki adamlar meni depgileýärler; duşmanlar uzakly gün maňa sütem edýärler.
2 Duşmanlarym uzakly gün meni depgileýärler, çünki meniň bilen uruşýanlar köp, eý, Beýik Hudaý!
3 Men gorka düşenimde Saňa bil baglaýandyryn.
4 Hudaýy Onuň wadasy üçin şöhratlandyrýaryn, Oňa bil baglap, gorkmaýaryn men; ynsan maňa näme edip bilsin?
5 Olar uzakly gün ýoýýar meniň sözlermi, maňa zyýan etmäge gönükdirilen bar niýetleri.
6 Olar dil düwüşýär hem-de gizlenýär, janymy almak üçin meni aňtaýar.
7 Eýsem olar günä etse-de, gaçyp gutularmyka? Eý, Hudaý, gazabyňda boýun egdir halklary!
8 Sergezdan gezen günlerim Sende sanalgy, meniň gözýaşlarym Sende ýazylgy; olar Seniň kitabyňda ýazylgy dälmi?
9 Seni çagyranymda duşmanlarym yzyna dönýär; bilýärin: Hudaý – tarapdarymdyr.
10 Hudaýa–wadasy üçin şöhratlandyrýaryn, Rebbe – wadasy üçin şöhratlandyrýaryn,
11 Hudaýa bil baglaýan, gorkmaýaryn men; ynsan maňa näme edip bilsin?
12 Eý, Hudaý, Saňa beren kasamlarymy berjaý ederin, Saňa şükür gurbanlaryny hödür ederin.
13 Çünki Sen janymy ölümden halas eýlediň; ýaşaýyş nurunda Hudaý öňünde gezerim ýaly, Sen aýaklarymy büdremekden sakladyň.