Bap 139

Ýa Reb, meni synaýarsyň we tanaýarsyň!
2 Oturyp-turşumy Özüň bilýärsiň, pikirlerimi uzaklardan aňýarsyň.
3 Ýöreýşimi, ýatyşymy yzarlaýarsyň, meniň ähli ýollarymy Sen tanaýarsyň.
4 Heniz agzymdan bir söz çykmanka, ýa Reb, Sen ony eýýäm doly bilýärsiň.
5 Yzymdan, öňümden Sen gurşaýarsyň, Sen üstüme Öz eliňi goýýarsyň.
6 Muny bilmek meniň üçin juda ajaýyp, ol belent, men ony aňyp bilemok.
7 Seniň Ruhuňdan nirä gideýin?! Seniň huzuryňdan nirä gaçaýyn?!
8 Göklere galsam, ol ýerde Sen bar! Ölüler dünýäsine insem, ol ýerde Sen bar!
9 Säheriň ganatlaryna münüp, deňziň iň uzak ýerinde çadyr gurunsam,
10 hatda ol ýerde-de eliň ýol görkezer maňa. Seniň goluň meni söýgetlär.
11 Diýsem: «Goý, tümlük meni büresin, meni gurşan ýagtylyk gijä öwrülsin».
12 Seniň üçin tümlük garaňky däldir! Gije hem gündiz ýaly ýagtydyr, Seniň bilen tümlük-de ýagtylyk deýdir.
13 Sen meniň içgoşlarymy ýaratdyň, enem göwresindekäm Sen şekil berdiň.
14 Men Saňa öwgi aýdýaryn, çünki meni ajaýyp, täsin ýaratdyň. Ajaýypdyr Seniň işleriň, muny juda oňat bilýändir kalbym.
15 Pynhanlykda ýaradylan mahalym, ýeriň çuňluklarynda emele gelen mahalym, Senden gizlin däldi meniň süňklerim.
16 Heniz şekilsizkäm meni gözleriň gördi, maňa bellenilen günleriň hiç biri heniz gelmänkä, olaryň her biri Seniň kitabyňda eýýäm ýazylgy.
17 Eý, Hudaý, pikirleriň maňa nähili eziz! Olaryň san-sajagy ýok!
18 Eger sanaýyn diýsem, olaryň sany çägeden-de köp, olary sanap bilsedim, Sen dek ýaşardym uzak.
19 Eý, Hudaý, ýok etsediň Sen erbet adamlary! Eý, ganhorlar, aýrylyň menden!
20 Olar Sen barada betpällik bilen gürleýär, duşmanlaryň adyňy ýerliksiz ýere agzaýar.
21 Ýa Reb, Seni ýigrenýänleri men ýigrenýärin, Saňa garşy baş galdyrýanlary nejis saýýaryn.
22 Olary bütinleý men ýigrenýärin, men olary öz duşmanym saýýaryn.
23 Eý, Hudaý, meni barla-da, ýüregimi bil! meni syna-da, pikirlerimi bil!
24 Gör, men erbet ýoldan barýan bolmaýyn, ebedilik ýoluna meni ugrukdyr.