Bap 85

Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Koragyň nesilleriniň mezmury.

Ýa Reb, Sen Öz ýurduňa merhemet etdiň, Ýakup halkynyň abadanlygyny ýene dikeltdiň.
2 Öz halkyňyň etmişlerini geçirdiň, onuň ähli günälerini Sen bagyşladyň. Sela
3 Ähli gazabyňy Sen jylawladyň, ýowuz gazabyňy Sen köşeşdirdiň.
4 Eý, bizi halas eýleýän Hudaý, bagtyýar günlerimizi ýene-de gaýtar, bize bolan gahar-gazabyňdan eliňi göter.
5 Sen gaharlanjakmy bize ebedi? Nesilden-nesle geçirjekmi Öz gaharyňy?
6 Halkyňyň Sende şatlanyp bileri ýaly, Sen bizi gaýtadan dikeltjek dälmi?
7 Ýa Reb, bize wepaly söýgiňi görkez, Öz halas edişiňi bize peşgeş et.
8 Diňlärin Beýik Hudaýyň aýtjaklaryny. Ol halkynyň, sadyklarynyň gaýtadan akmaklyk etmezi ýaly, olara wada berýär parahatlygy.
9 Onuň şöhratynyň ýurdumyzda mesgen tutary ýaly, Ol Özünden gorkýanlary dogrudan-da, hemişe halas etmäge taýýar!
10 Söýgi bilen wepadarlyk birleşer, dogrulyk parahatlyk bilen biriger.
11 Wepadarlyk ýerden gögerer, dogrulyk-da asmandan garar.
12 Hawa, Reb ýagşy zatlary berer, topragymyz öz hasylyny eçiler.
13 Dogrulyk Onuň öňünden ýörär, Onuň gadamlaryna ýoly taýynlar.