Bap 130

Ýa Reb, çuňluklardan çagyrýan Seni.
2 Eý, Taňry, eşit sesimi, dat-perýatlarymyň sesini gulagyň diňlesin ünsli.
3 Ýa Reb, günäleri hasaba alsaň, ýa Taňry, huzuryňda kim durup biler?
4 Emma Senden gorkarlar ýaly, Sende bardyr geçirimlilik.
5 Men Rebbe intizar, janym intizar, men Onuň sözüne umyt baglaýan.
6 Garawullar daňyň atmagyna intizar, hawa, garawullar daňyň atmagyna intizar, meniň janym şondan hem köp Taňra intizar.
7 Eý, Ysraýyl, Rebbe bagla öz umydyňy: Reb wepaly söýgüsini görkezýär, Ol hemişe halas etmäge taýýar.
8 Ysraýyly ähli günälerinden Ol halas eder.