Bap 8

Ýa Reb, biziň Taňrymyz! Adyň neneň belent tutuş ýeriň ýüzünde! Ýaýdyň söhratyňy gökler üstünde.
2 Sen Öz ýagylaryň sebäpli, duşmandyr öç alýany dymdyrmak üçin, çagalaryň, bäbekleriň alkyşlaryndan gala ýaratdyň.
3 Seniň gökleriňe – barmaklaryň işine, Seniň goýan Aýdyr ýyldyzlaryňa nazar aýlanymda, şeýle diýýärin:
4 «Adam näme Sen ony ýatlaryň ýaly? Ynsan ogly näme aladasyny ederiň ýaly?
5 Ony perişdelerden biraz pesräk ýaratdyň, oňa şöhrat bilen hormat jygasyny geýdirdiň.
6 Ony Öz elleriňiň işlerine hökümdar goýduň; ähli zady aýagynyň astynda goýduň:
7 goýunlardyr öküzleriň baryny, şeýle-de çöl haýwanlaryny,
8 gök guşlaryny, deňiz balyklaryny, deňiz içre geçýän bar jandarlary».
9 Ýa Reb, biziň Taňrymyz! Adyň neneň belent tutuş ýeriň ýüzünde!