Bap 53

Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Üflenip çalynýan saz guralynda. Maskil. Dawudyň mezmury.

Akmak adam ýüreginde: «Hudaý ýok» diýýär. Olar azýar we ýigrenji işleri edýär; ýagşylyk edýän ýok.
2 Paýhasly we Hudaýy agtarýan barmyka diýip, Reb göklerden adamzada nazar aýlaýar.
3 Olaryň hemmesi ýoldan çykdylar, bary deň derejede haram boldular; ýagşylyk edýän ýok, ýok ýeke biri-de. 9Ýowşan – Ýewreýler ýowşan ýaly bir ösümlik bilen gurban sypasyny arassalaýardylar.
4 Akylyna aýlanmazmy ähli betkärler? Olar halkymy çörek ýaly iýýärler hem-de Hudaýy çagyrmaýarlar.
5 Olar gorky ýok ýerde gorka düşerler, çünki Hudaý seni gabanlaryň süňklerini dagadar. Sen olary galdyrarsyň uýada, çünki olary Hudaý ret etdi.
6 Wah, gelsedi Siýondan Ysraýyl ýeňşi! Hudaý dikeldende halkyň öňki abadanlygyny, Ýakup begener, Ysraýyl hem şatlanar.