Bap 51

Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawut Batşeba bilen günä edenden soň, Natan pygamber onuň ýanyna gelýär. Şonda Dawudyň aýdan mezmury.

Eý, Hudaý, maňa rehim-şepagat eýle, Öz wepaly söýgiň hatyrasyna; Öz merhemetiň köplügine görä, Sen öçür meniň etmişlerimi.
2 Sen meni bütinleý ýuw ýazygymdan hem-de tämizle meni günämden.
3 Çünki günälerimi boýun alýaryn, günäm elmydama meniň öňümde.
4 Saňa, diňe Saňa garşy men günä etdim, Seniň nazaryňda ýamanlyk etdim; şoňa görä, Seniň sözleriň dogry, çykaran hökümiňde Sen adalatly.
5 Hakyky, men günäli dünýä inelim bäri, günäli men enem göwresinde galalym bäri.
6 Ynha, Sen hakykat isleýärsiň ýürekde, danalygy öwredýärsiň meniň içimde.
7 Meni ýowşan bilen arassala, bolaryn men päk, meni ýuw, bolaryn men gardan hem ap-ak.
8 Maňa eşitdir şatlykdyr begenç sesini, meni peseltdiň, indi bolsa, men şatlanaýyn.
9 Meniň günälerimden sow Sen ýüzüňi hem-de öçür meniň ýazyklarymy.
10 Eý, Hudaý, mende päk ýürek ýarat we içimdäki hakykat ruhuny özgert.
11 Sen Öz huzuryňdan meni taşlama, menden Mukaddes Ruhuňy alma.
12 Öz halas edişiňiň şatlygyny Sen maňa gaýtar, yhlasly ruh berip, maňa söýget bol.
13 Şonda Seniň ýollaryňy bitabynlara öwrederin men, günäkärler hem Saňa öwrüler.
14 Eý, Hudaý, meni halas eýleýän Hudaý! Döken ganymyň günäsinden Sen meni gutar, dilim Saňa – Halasgärime nagmalar aýdar.
15 Ýa Taňry, aç Sen meniň agzymy, meniň dilim Saňa alkyşlar aýtsyn.
16 Sen gurban isläňok, ýogsa bererdim, ýakma gurbanlary bersem-de, razy bolmarsyň.
17 Synyk ruh – Hudaýa ýaraýan gurban; eý, Hudaý, synyk, ökünçli ruhy Sen kemsitmersiň.
18 Siýona Öz keremiň bilen Sen ýagşylyk et, we Iýerusalimiň diwarlaryny Sen dikelt.
19 Şonda dogrulyk gurbanlary, ýakma gurbanlary, tutuş ýakma gurbanlary-da Seniň göwnüňden turar. Şonda Seniň gurbanlyk sypalaryňda öküzler sadaka berler.