Bap 17

Dawudyň dogasy Ýa Reb, hakykaty eşit, perýadyma dykgat ber; hilesiz agyzdan çykýan dilegime gulak goý.
2 Ýa Reb, sen meni akla! goý, haklygy görsün Seniň gözleriň.
3 Sen meniň niýetlerimi ykjam barladyň, gijäniň dowamynda meni synadyň, emma menden ýazyk tapmadyň; günäli zady aýtmazlygy ýüregime düwdüm.
4 Ynsan işleri babatda aýtsam: Seniň buýruklaryň arkaly, zalymyň ýollaryndan men gaça durdum.
5 Gadamlarym pugta tutdy ýodalaryňy; meniň aýaklarym taýmady.
6 Men çagyrýan Seni, çünki Sen berersiň maňa jogaby, eý, Hudaý; gulak goý-da, eşit meniň sözümi.
7 Ýagylardan ýaňa Senden pena gözleýänleri eliň bilen halas edýän Sen, ajaýyp wepaly söýgiňi görkez.
8 Gora meni gözüň göreji ýaly;
9 maňa hüjüm edýän erbet adamdan, daşymy gurşaýan ganym duşmandan Öz ganatlaryňyň astynda gizle Sen meni.
10 Olar rehim etmäge ýapýarlar ýüreklerini, ulumsylyk bilen gürleýär olaryň agzy.
11 Olar her ädimimizi aňtap, gurşaýarlar daşymy, meni ýere urmak üçin peýleýärler pursaty.
12 Olar parçalamaga hyjuwlanýan arslan dek, buky ýerde gizlenen ýaş arslan ýaly.
13 Galk, ýa Reb! Garşy çyk-da, agdar olary; gylyjyň bilen janymy erbetlerden halas et, ýa Reb, Öz eliň bilen adamlardan azat et. Çünki şu dünýäde olaryň ýaşaýyş paýy.
14 Sen boldan-bol doýrarsyň garynlaryny; çagalaryndan hoşal olaryň göwni; balalaryna galdyrar özlerinden artany.
15 Men bolsa dogrulykda Seniň ýüzüňi görerin, oýanan wagtym didaryňdan doýaryn.