Bap 90

Hudaýyň adamy Musanyň dogasy
2 Ýa Taňry, mesgenimiz bolduň nesillerboýy.
3 Daglar emele gelmezden ozal, topragy, älem-jahany ýaratmazyňdan ozal, ezelden ebedä çenli bolan Hudaý – Sen.
4 «Eý, adam ogullary, dolanyň» diýip, Sen bizi topraga dolandyrýarsyň.
5 Seniň nazaryňda müň ýyl düýnki geçen gün ýa gijäniň nobaty ýaly.
6 Olary syryp äkidýärsiň, olar düýş ýaly, olar säher çagy bitýän ot ýaly; ol ir säherde ösüp, gülleýär, agşamyna bolsa orlup, guraýar.
7 Seniň gaharyňdan ýaňa biz ýok bolýarys, gazabyňdan ýaňa dowla düşýäris.
8 Sen günälerimizi goýduň öňüňde, gizlin günälerimizi – Öz gözleriňiň alnynda.
9 Ähli günlerimiz gazabyňyň astynda geçýär, ýyllarymyz bir dem kimin soňlanyp barýar.
10 Ýetmiş ýyl – ömrümiziň günleri, segsen ýyl – eger bolaýsak güýçli, olaryň iň ýagşysy geçýär azap bilen külpetde, basym geçýär, biz ýok bolup gidýäris.
11 Kim Seniň gaharyňyň güýjüni bilýär? Gazabyňyň wehimine düşünýän barmy?
12 Ýüregimiziň parasatly bolary ýaly, sanamagy öwret günlerimizi.
13 Dolan, ýa Reb! Haçana çenli biz garaşmaly? Öz bendeleriňe et Sen rehimi!
14 Uzakly gün şatlanyp, begener ýaly, ir säherde wepaly söýgiň bilen bizi hoşwagt eýle.
15 Muşakgat çekdiren günleriňiň, ýamanlyk gören ýyllarymyzyň öwezini dolup, bizi şat eýle.
16 Seniň işiň aýan bolsun bendeleriňe, şan-şöhratyň – olaryň çagalaryna.
17 Hudaýymyz Taňryň merhemeti biz bilen bolsun. Haýyrly et ellerimiziň işini, hawa, ellerimiziň işi haýyrly bolsun!