Bap 119

Kämil ýoldan ýöreýänler, Rebbiň kanunyna görä ýaşaýanlar bagtlydyr!
2 Onuň düzgünlerini saklaýanlar, tutuş kalby bilen Ony agtarýanlar bagtlydyr!
3 Olar nähak işi etmeýär, olar Onuň ýollaryndan ýöreýär.
4 Buýruklaryňy yhlasly berjaý etmegi, Sen emr etdiň.
5 Parzlaryňy berjaý ederim ýaly, hernä üýtgemesedi meniň ýollarym.
6 Şonda tabşyryklaryňa nazar salanymda, men utanmaryn.
7 Adalatly hökümleriňi öwrenen çagym, päk ýürekden Saňa öwgi aýdaryn.
8 Seniň parzlaryňy berjaý ederin, bütinleý terk etmegin meni.
ב
9 Ýaş ynsan ýoluny nädip päk saklap biler? Ony Seniň sözüňe görä goramak bilen.
10 Seni agtarýaryn tutuş ýüregim bilen, meni tabşyryklaryňdan azaşdyrma Sen.
11 Saňa garşy günä etmäýin diýip, Seniň wadaňy ýüregimde aýap sakladym.
12 Ýa Reb, Saňa alkyşlar bolsun! Maňa öwret Sen Öz parzlaryňy.
13 Agzyňdan çykan adalatly hökümleriň baryny, men dilim bilen yglan edýärin.
14 Seniň düzgünleriňden lezzet alýaryn, göýä ähli baýlyga eýe bolan ýaly bolýaryn.
15 Buýruklaryň barada men oýlanaryn, Seniň ýollaryňa dykgat bererin.
16 Parzlaryňdan lezzet alaryn, Seniň sözüňi men unutmaryn.
ג
17 Ýaşap, sözüňi saklap bilerim ýaly, Sen bendäňe et jomartlygy.
18 Kanunyňyň ajaýyplygyny görerim ýaly, Sen aç meniň gözlerimi.
19 Men bir gelmişek ýeriň ýüzünde, Öz tabşyryklaryňy gizleme menden.
20 Adalatly hökümleriňe bolan küýsegim, elmydama pagyş-para edýär meniň ýüregim.
21 Sen käýeýärsiň tabşyryklaryňdan azaşanlara: tekepbirlere hem-de lagnatlylara.
22 Utanç bilen betnamlygy Sen menden aýyr, çünki düzgünleriňi men saklandyryn.
23 Hökümdarlar oturyp, maňa garşy dil birikdirýär, bendäň bolsa parzlaryň barada oý-pikire batýar.
24 Seniň düzgünleriň – keýpiköklügim, olar meniň – geňeşdarlarym.
ד
25 Meniň janym gara ýere ýapyşýar, Öz sözüňe laýyklykda maňa ber ömri.
26 Men beýan edenimde öz ýollarymy, Sen maňa berdiň jogaby; öwret maňa Öz parzlaryňy.
27 Maňa düşündir Öz düzgünleriňiň ýoluny, ajaýyp işleriň barada men oýlanaýyn.
28 Gaýgy-gamdan ýaňa janym basylýar, Öz sözüňe laýyklykda maňa kuwwat ber.
29 Ýalan ýollary menden uzak et, merhemetiň bilen maňa kanunyňy öwret.
30 Wepalylyk ýoluny men saýlap aldym, Seniň adalatly hökümleriňi öňümde goýdum.
31 Ýa Reb, düzgünleriňden mäkäm ýapyşdym, Sen meni utanja goýma.
32 Tabşyryklaryňyň ýolundan ylgaýaryn men, çünki Sen kalbymyň düşünjesini giňeltdiň.
ה
33 Ýa Reb, parzlaryňyň ýoluny öwret, men ony ahyra çenli saklaryn.
34 Maňa düşünje ber kanunyňy berjaý ederim ýaly, ony tutuş ýüregim bilen saklarym ýaly.
35 Tabşyryklaryňyň ýolundan Sen meni ýöret, çünki men ondan alýaryn lezzet.
36 Diňe öz bähbidimi aramaz ýaly, Öz düzgünleriňe tarap öwür ýüregimi.
37 Boş hysyrdylardan sow gözlerimi, Öz ýollaryňda maňa ber ýaşaýyşy.
38 Özüňden gorkýanlara berdiň wadany: men–bendäň babatda hem tassykla ony.
39 Menden sow gorkýan masgaralygymy, çünki ýagşydyr Seniň adalatly hökümleriň.
40 Jan-tenden küýseýärin buýruklaryňy, Öz dogrulygyňda maňa ber ýaşaýyşy.
ו
41 Ýa Reb, Öz beren wadaňa görä, wepaly söýgiň gelsin, halas et meni.
42 Şonda özümi ýaňsylanlara jaýdar jogap bererin, çünki Seniň sözüňe bil baglaýandyryn.
43 Hakykat sözüni bütinleý alma agzymdan, çünki adalatly hökümleriňe umyt baglaýandyryn.
44 Men dyngysyz, baky, ebedi Seniň kanunyňy berjaý ederin.
45 Men Seniň buýruklaryňy agtardym, şonuň üçin erkanalykda gezerin.
46 Şalaryň öňünde düzgünleriňi aýdaryn, hiç utanmaryn.
47 Seniň tabşyryklaryňdan lezzet alýaryn, çünki olary men söýýändirin.
48 Tabşyryklaryňy söýüp, olara tarap ellerimi gerýärin, parzlaryň barada oýa batýaryn.
ז
49 Öz bendäňe beren sözüňi ýatla, ol arkaly umyt berensiň maňa.
50 Ol darygan günümde meniň tesellim, çünki Seniň wadaň maňa ýaşaýyş berýär.
51 Tekepbirler meni köp ýaňsylaýar, şonda-da kanunyňdan ýüz öwürmeýän.
52 Gadymy adalatly hökümleriň barada oýlananymda, ýa Reb, men tapýaryn teselli.
53 Kanunyňy terk edýän erbetleri görenimde, gahar-gazap gurşaýar meni.
54 Gelmişek bolup ýaşan her bir ýerimde, Seniň parzlaryň aýdymym boldy.
55 Ýa Reb, Seni gijesine men ýatlaýaryn, Seniň kanunyňy berjaý edýärin.
56 Men şeýle durmuşy amal edýärin: buýruklaryňy berjaý edýärin.
ח
57 Reb – meniň paýym Seniň sözüňi saklamagy men wada etdim.
58 Tutuş kalbym bilen Saňa ýalbarýaryn: «Öz wadaňa görä, maňa merhemet eýle».
59 Öz ýollarym barada oýlananymda, gadamymy düzgünleriňe tarap öwürdim.
60 Tabşyryklaryňy berjaý etmeklik üçin alňasap, olary gijikdirmedim.
61 Erbetleriň tanaplary maňa duzak bolsa-da, Seniň kanunyňy men unutmadym.
62 Seniň hökümleriň adalatlydygy üçin, ýary gije turup, Saňa öwgi aýdýaryn.
63 Senden gorkýanlaryň baryna, buýruklaryňy berjaý edýänleriň baryna hemra bolýaryn.
64 Ýa Reb, ýeriň ýüzi wepaly söýgiňden doly, maňa öwret Öz parzlaryňy.
ט
65 Ýa Reb, wadaňa görä, Öz bendäňe etdiň Sen ýagşylygy.
66 Maňa öwret paýhas bilen bilimi, çünki tabşyryklaryňa men iman etdim.
67 Ejir çekmezden öň men azaşypdym, emma indi Seniň sözüňi berjaý edýärin.
68 Sen ýagşysyň, edýärsiň ýagşylyklary, maňa öwret Öz parzlaryňy.
69 Tekepbirler maňa myjabat atýar, men bolsa tutuş kalbym bilen buýruklaryňy berjaý edýärin.
70 Olaryň ýürekleri daşa öwrüldi, hiç zat duýmaýar, men bolsa kanunyňdan lezzet alýaryn.
71 Seniň parzlaryňy öwrenmek üçin, ejir çekenim maňa ýagşylyk boldy.
72 Seniň agzyňyň sözlän kanuny maňa müňlerçe altyn-kümüşden gowy.
י
73 Seniň elleriň meni ýaradyp, maňa durk berdi, tabşyryklaryňy öwrenerim ýaly ber düşünjäni.
74 Senden gorkýanlar meni görüp şatlanar, çünki Seniň sözüňe umyt bagladym.
75 Ýa Reb, bilýärin: adyldyr Seniň hökümleriň, wepalylygyň sebäpli maňa ejir çekdirdiň.
76 Öz bendäňe beren wadaňa görä, wepaly söýgiň maňa teselli bolsun.
77 Rehim et, goý, men ýaşaýyn çünki kanunyň – keýpiköklügim.
78 Tekepbirler, goý, utanja galsyn, çünki olar nähak ýere şyltak atdylar, men bolsa buýruklaryň barada oýa bataryn.
79 Senden gorkýanlar düzgünleriňi bileri ýaly, goý, olar maňa öwrülsin.
80 Utanja galmazym ýaly, kalbym parzlaryňda, goý, kämil bolsun.
כ
81 Halas edişiňe intizar bolup, janym örtenýär, men Seniň sözüňe umyt baglaýan.
82 Seniň wadaňa intizar meniň gözlerim, «Haçan teselli berersiň?» diýip soraýan.
83 Tüsseden zaýalanan meşik deý boldum, emma Seniň parzlaryňy men unutmadym.
84 Seniň bendäň garaşmaly haçana çenli? Aňtaýjylaryma haçan çykarjak Sen hökümiňi?
85 Tekepbirler maňa çukur gazdylar, olar Seniň kanunyňa görä ýaşamaýarlar.
86 Seniň tabşyryklaryňyň bary ygtybarlydyr, maňa kömek et, olar nähak ýere azar berýärler.
87 Olar meni tas ýok edipdi ýeriň ýüzünden, şonda-da buýruklaryňy men terk etmedim.
88 Agzyňyň düzgünlerini saklap bilerim ýaly, Öz wepaly söýgiňde maňa ber ýaşaýyşy.
ל
89 Ýa Reb, Seniň sözüň göklerde baky berkarar boldy.
90 Wepalylygyň dowam edýär nesillerboýy, Sen dünýäni gurduň, ol hem mäkäm dur.
91 Ähli zat şu güne çenli belleýşiň dek dur, çünki olar Saňa gulluk edýärler.
92 Eger kanunyň keýpiköklügim bolmadyk bolsa, ýok bolup giderdim gaýgy-gamymda.
93 Asla unutmaryn buýruklaryňy, çünki olar arkaly berdiň maňa ýaşaýşy.
94 Men Seniňki, meni halas et, çünki buýruklaryňa berdim men dykgat.
95 Erbetler meni ýok etjek bolup, bukuda ýatýar, men bolsa düzgünleriň barada pikire batýan.
96 Gördüm ähli kämillikleriň çäklidigini, emma Seniň tabşyryklaryň çendenaşa giň.
מ
97 Seniň kanunyňy juda söýýärin! Ol uzakly gün meniň oýlanmalarym.
98 Seniň tabşyrygyň meni duşmandan paýhasly edýär, çünki ol elmydama meniň aňymda.
99 Ähli halypalarymdan paýhasly boldum, çünki Seniň düzgünleriň – oýlanmalarym.
100 Ýaşululardan-da köp aňlaýandyryn, çünki buýruklaryňy berjaý edýärin.
101 Seniň sözüňi saklamak üçin, ähli ýaman ýoldan men gaça durdum.
102 Seniň hökümleriňden ýüz öwürmedim, çünki maňa Sen tälim berdiň.
103 Seniň wadaň maňa nähili süýji! Ol agzyma baldan-da süýji!
104 Buýruklaryň arkaly boldum paýhasly, şonuň üçin ýigrenýärin her ýalan ýoly.
נ
105 Seniň sözüň – çyra aýaklaryma, ol – ýagtylyk meniň ýodama.
106 Adalatly hökümleriňi berjaý ederin diýip, men kasam etdim we berjaý etdim.
107 Men jebir-jepalar çekdim; Ýa Reb, Öz wadaňa görä ber ýaşaýyşy.
108 Ýa Reb, gurbanlyk hökmünde kabul et alkyşlarymy hem-de öwret maňa adalatly hökümleriňi.
109 Janym dyngysyz howp astynda bolsa-da, Seniň kanunyňy unutmaýaryn.
110 Erbetler maňa duzak gursa-da, Seniň buýruklaryňdan azaşmaýaryn.
111 Seniň düzgünleriň – baky mirasym, çünki olar meniň ýürek şatlygym.
112 Seniň parzlaryňy berjaý etmegi ýüregime düwdüm baky, ahyra çenli.
ס
113 Ikiýüzlüleri men ýigrenýärin, Seniň kanunyňy bolsa söýýärin.
114 Sen meniň gizlenýän ýerim hem-de galkanym, men Seniň sözüňe umyt baglaýaryn.
115 Eý, betkärler, menden aýrylyň, men Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý edeýin.
116 Wadaňa görä meni söýgetle, goý, men ýaşaýyn, öz umydymdan hiç utanmaýyn.
117 Maňa daýanç bol, halas bolaýyn, parzlaryňa elmydama dykgat bereýin.
118 Parzlaryňdan azaşanlary Sen ret edýärsiň, çünki olaryň hilesi puçdur.
119 Çöp-çör kimin taşlaýarsyň ýer ýüzündäki ähli erbetleri, şoňa üçin men söýýärin düzgünleriňi.
120 Seniň wehimiňden titreýär tenim, men gorkýaryn hökümleriňden.
ע
121 Adalatly we hak işleri etdim, meni sütemkärlerimiň eline berme.
122 Kepillendir Öz bendäňiň abadanlygyny, tekepbirler ezmesin meni.
123 Halas edişiňe, dogry wadaňyň berjaý bolmagyna meniň gözlerim intizar galdy.
124 Bendäňe wepaly söýgiňde gara, parzlaryňy öwret Sen maňa.
125 Men Seniň bendäň, paýhas ber maňa, akyl ýetireýin düzgünleriňe.
126 Indi Rebbiň hereket etmeli wagty, çünki ynsanlar bozdular Seniň kanunyňy.
127 Men welin altyndan, sap altyndan-da köp söýýärin Seniň tabşyryklaryňy.
128 Dogry saýýaryn ähli buýruklaryňy, ýigrenýärin her ýalan ýoly.
פ
129 Ajaýypdyr Seniň düzgünleriň, şonuň üçin olary berjaý edýärin.
130 Sözleriňiň beýany ýagtylyk berýär, sada ynsanlara düşünje berýär.
131 Tabşyryklaryňa bolan küýsegden ýaňa, agzymy açamda-da, howa ýetmeýär maňa.
132 Adyňy söýýänlere edişiň ýaly, nazar salyp, maňa merhemet eýle.
133 Öz wadaňa görä mäkäm et ädimlerimi, hiç bir ýamanlyk üstümden höküm sürmesin.
134 Ynsan süteminden azat et meni, men Seniň buýruklaryňy berjaý edeýin.
135 Bendäňiň üstüne saç ýüzüň nuruny, maňa öwret Öz parzlaryňy.
136 Gözlerimiň ýaşy sil deýin akýar, çünki ynsanlar berjaý etmeýär Seniň kanunyňy.
צ
137 Ýa Reb, Sen – dogry, Seniň hökümleriň hem adalatly.
138 Seniň buýran düzgünleriň adyl hem-de juda wepaly.
139 Yhlasym meni ýakyp-ýandyrýar, çünki duşmanlarym unudýar Seniň sözüňi.
140 Seniň wadaň örän ygtybarlydyr, Seniň bendäň ony söýýändir.
141 Äsgerilmän, kemsidilsem-de, unutmaýaryn buýruklaryňy.
142 Seniň dogrulygyň – baky dogrulyk, Seniň kanunyň hem hak.
143 Muşakgat we külpet üstüme indi, şonda-da tabşyryklaryňdan lezzet alýaryn.
144 Seniň düzgünleriň dogry asyrlarboýy, maňa paýhas ber, goý, men ýaşaýyn.
ק
145 Tutuş ýüregim bilen perýat edýärin, Ýa Reb, maňa jogap ber, men parzlaryňy berjaý edeýin.
146 Seni çagyrýaryn, meni halas et, düzgünleriňi berjaý edeýin.
147 Gün dogmanka turup, perýat edýärin, Seniň sözüňe umyt baglaýaryn.
148 Seniň wadaň barada oýlanmak üçin, gözlerim uzakly gijäni oýa geçirdi.
149 Öz wepaly söýgiňe görä eşit sesimi, ýa Reb, adalatyňa görä maňa ber ýaşaýyşy.
150 Meni ýaman niýet bilen yzarlaýanlar ýakyna geldi, olar Seniň kanunyňdan uzakdadyrlar.
151 Emma Sen ýakynsyň, ýa Reb. Seniň tabşyryklaryň ählisi hakdyr.
152 Bilýärdim ozaldan bäri: Seniň düzgünleriň baky berkarar.
ר
153 Jebir-jepamy gör-de, halas et meni, çünki unutmaýan men kanunyňy.
154 Hakymy alyp ber, azat et meni, wadaňa görä maňa ber Sen ýaşaýyşy.
155 Halas bolardan uzakdyr erbetler, çünki olar agtarmaýar Seniň parzlaryňy.
156 Ýa Reb, ägirt Seniň rehimiň, maňa adalatly hökümleriňe görä ber ýaşaýyşy.
157 Meni aňtaýanlar hem-de duşmanlarym köp, emma şonda-da düzgünleriňden çykýan däldirin.
158 Ýigrenç bilen garaýaryn men dönüklere, olar buýruklaryňy berjaý etmeýär.
159 Gör, nähili söýýärin buýruklaryňy! Wepaly söýgiňe görä ber ýaşaýyşy.
160 Ýa Reb, hakykatdyr Seniň sözleriň! Adalatly hökümleriňiň bary asyrlarboýy.
ש
161 Şazadalar meni nähak ýere aňtaýar, emma ýüregim Seniň sözüňden gorkýar.
162 Uly hazyna edinen kimin, Seniň wadaňa begenýärin men.
163 Ýalany ýigrenip, nejis saýýaryn, men Seniň kanunyňy söýýärin.
164 Seniň adalatly hökümleriň üçin, günde ýedi gezek Seni şöhratlandyrýaryn.
165 Uly abadanlyk bar kanunyňy söýýänler üçin, olar asla büdremez.
166 Ýa Reb, halas edişiňe umyt baglaýaryn, tabşyryklaryňy berjaý edýärin.
167 Kalbym berjaý edýär düzgünleriňi, men olary juda söýýärin.
168 Berjaý edýärin buýruklaryňy, düzgünleriňi, çünki meniň ähli ýollarym mälimdir Saňa.
ת
169 Ýa Reb, perýadym, goý, Saňa ýetsin, Öz wadaňa görä maňa düşünje ber.
170 Ýalbaryşym, goý, Saňa ýetsin, Öz wadaňa görä meni halas et.
171 Dilim öwgüler saçar, çünki maňa parzlaryňy öwretdiň;
172 dilim Seniň wadaňy nagma ediner, çünki tabşyryklaryňyň ählisi dogry.
173 Seniň eliň maňa, goý, ýardam bersin, çünki tabşyryklaryňa tabyn bolmagy men karar etdim.
174 Ýa Reb, halas edişiňi küýseýärin men, Seniň kanunyňdan lezzet alýaryn.
175 Goý, köňlüm ýaşasyn, Seni şöhratlandyrsyn, Seniň adalatly hökümleriň maňa, goý, kömek bersin.
176 Ýiten goýun kimin azaşdym, gözle bendäňi, çünki tabşyryklaryňy unutmaýaryn.