Bap 149

Rebbe şan-şöhrat bolsun! Rebbe täze nagma aýdyň, sadyklar jemagatynda Oňa öwgüler aýdyň!
2 Ysraýyl Ýaradanyna şatlansyn! Siýon perzentleri Şasyna, goý, begensin!
3 Olar tans edip, Ony şöhratlandyrsyn, deprekde, kinorda Oňa mukamlar çalsyn!
4 Çünki Reb Öz halkyndan göwnühoş bolýar, Ol pespälleri gutulyşa besleýär.
5 Sadyklar aklanyp, goý, beýgelsinler, düşeklerinde şatlanyp, nagma aýtsynlar.
6 Dillerinde Hudaýa öwgüler bolsun, ellerinde ikiýüzli gylyçlar bolsun.
7 Olar milletlerden, goý, öç alsynlar, halklara jeza bersinler.
8 Patyşalaryny zynjyrlasynlar, asylzadalaryna gandal ursunlar.
9 Olar babatda ýazylan hökümi berjaý etsinler! Munuň özi sadyklaryň bary üçin hormatdyr. Rebbe şan-şöhrat bolsun!