Bap 138

Ýa Reb, tüýs ýürekden Saňa şükür ederin, ylahy barlyklar öňünde Saňa nagma aýdaryn.
2 Mukaddes ybadathanaňyň öňünde sežde ederin, Saňa söýgiň, wepadarlygyň üçin şükür ederin. Çünki Sen Öz adyňy hem-de sözüňi ähli zatdan beýgeltdiň.
3 Çagyran günümde Sen jogap berdiň, janymy güýç bilen kuwwatlandyrdyň.
4 Ýa Reb, Saňa şükür edýärler ýer ýüzüniň ähli şalary, çünki eşitdiler agzyňdan çykan sözleri.
5 Olar Rebbiň ýollary barada nagma aýdarlar, çünki Rebbiň şöhraty beýik.
6 Reb beýik bolsa hem, pespällere nazaryn salýar, emma tekepbirleri uzak ýerden saýgarýar.
7 Muşakgat içinde gezsem-de, meni aman saklaýaň, duşmanlaryma garşy Öz eliňi uzadýaň. Seniň goluň meni halas eýleýär.
8 Reb meniň arymy alar; ýa Reb, Seniň söýgiň ebedi galar, Öz elleriňiň işini Sen terk eýleme.